DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ "daşary ýurtly talyplar üçin wiza işleriniň bes edilmegi gysga möhletli bolar"diýdi
Döwlet sekretarlygy täze sosial media gözegçilik düzgünleriniň iru-giç çykaryljakdygyny mälim etdi we daşary ýurtlara talyplara wiza üçin eden ýüz tutmalary barlamaklary üçin çagyryş berdi.
ABŞ "daşary ýurtly talyplar üçin wiza işleriniň bes edilmegi gysga möhletli bolar"diýdi
30 de mayo de 2025

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, daşary ýurtly talyplaryň wiza işleriniň togtadylmagynyň gysga möhletli boljakdygyny we wiza üçin ýüz tutanlaryň sosial medialaryna uly üns beriljekdigini mälim etdi.

Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Temmi Brus penşenbe güni beren beýannamasynda talyplyga dalaşgärleri wiza üçin ýüz tutmaga çagyrdy we “Eger bu ýagdaý birnäçe hepde ýada aý dowam etjek bolsa men muny maslahat bermezdim” diýdi.

Brus metbugata beren beýannamasynda “Men bu meseläniň tiz wagtda çözüljekdigine ynanýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio sişenbe güni ilçihanalara we konsulluklara talyplaryň wiza üçin ýüz tutmaklary baradaky işleriň saklanmagy we dalaşgärleriň sosial media ýazgylarynyň barlanmagy boýunça boýunça beripdi.

Döwlet sekretary Marko Rubip konsullyk bölümlerine F, M we Ž wiza kategoriýalary boýunça gözden geçirme meýilnamalaryny barlag etaby tamamlanýança togtatmaklaryny isledi.

Sosial media barlagy boýunça täze görkezmeler

Bu ABŞ-da okaýan müňlerçe talybyň wizasynyň bes edilmegini we Garward uniwersitetiniň daşary ýurtly talyp kabul etmegini gadagan edýän we hytaýly talyplaryň wizalarynyň ýatyrylmagy boýunça Prezident Donald Trampyň adminstrasiýasynyň bilim ulgamyny nyşana alýan birnäçe göçüminden biri.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Rubio, Ysraýylyň Gazadaky genosidine garşy geçirilýän protest ýörişine ýolbaşçylyk edýän talyplaryň wizalaryny bes etdi we ABŞ-nyň alyp barýan daşary syýasatyna garşy durýanlaryň ýurtdan çykarylmagyny isleýär.

Rubio, hepdäniň başynda diplomatik wekilhanalaryna iberen hatynda, sosial media barlaglary boýunça ýakynda täze görkezmeleriň çykaryljakdygyny mälim edipdi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us