Hindistanda hökümetiň Kowid-19-a gözegçilik edýän resmi web sahypasynyň berýän habaryna görä, koronawirusyň Omikron görnüşi ýaýramaga dowam edýar. Çarşenbe güni ýurtda 4300 adamyň koronawirus sebäpli bellige alynandygy nygtaldy.
Web sahypasynyň berýän habaryna görä, Hindistanyň günortasynda ýerleşýän Kerala sebitinde çarşenbe güni 1373 adam bellige alyndy.
Hindistanyň maliýe merkezi Mumbaýyň Maharashtra sebitinde bolsa 510 adam koronawirus sebäpli hassahana ýüz tutdy.
Koronawirýs sebäpli soňky 24 sagatda ýurtda 7 adam ýogaldy. Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri ýogalanlaryň sany bolsa 44 adama ýetdi.
Paýtagt Deli bilen birlikde Maharashtra sebitinde wirusa ýoluganlaryň sanynyň artýandygy nygtaldy.
Hindistanyň ýokary lukmançylyk guramasy bolan Ylmy barlag geňeşi geçen hepde beren beýannamasynda häzirki tolkunyň Omikron görnüşi bilen baglanşyklydygyny we ýokanç howpynyň pesdigini aýan edipdi.
Ylmy barlag geňeşi ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygyny mälim etdi.
Saglygy goraýyş ministri Prataprao hem geçen hepde beren beýannamasynda, hökümetiň degişli çäreleri görendigini aýtdy.
Delide geçen aý saglygy goraýyş merkezlerine we hassahanalara taýarlyk derejelerini gözden geçirmekleri üçin görkezme berlipdi. Worldometere görä, 2020-njy ýylda ýüze çykan koronawirus epidemiýasy sebäpli Hindistanda 533 müň 570 adam ýogalypdy, 45 million adam hem bellige alnypdy.