Daşary işler ministri Ysraýylyň Gazadaky harby hüjümlerini ýazgardy we Britaniýanyň Ysraýyl bilen erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirýän gepleşiklerini saklady.
Britaniýanyň Daşary işler ministri Ysraýyldaky ilçisini yzyna çagyrdy we Bünbatar Şeria garşy goşmaça sanksiýa goýlandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň harby goşuny geçen hepde täze operasiýa başladandygyny mälim etdi. Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde soňky 8 günde 500-den gowrak adamyň ýogalandygy mälim edildi.
Ysraýyl mart aýynyň başyndan bäri Gaza azyk we ýangyç kömegi bilen birlikde lukmançylyk enjamlarynyň berilmegini bökdeýär.
Halkara hünärmenler Gaza açlyk howpynyň abanýandygy barada duýduryş berýärdi, diňe duşenbe güni birnäçe ynsanperwer kömek konteýneriniň sebite girmegine rugsat berildi.
Daşary işler ministri Dewid Lammy, sişenbe güni beren beýannamasynda, Ysraýyla sebite ynsanperwer kömeginiň berilmegine rugsat bermegi üçin çagyryş berdi we Ysraýylyň Maliýe ministri Bezalel Smotrşçiň Gazanyň ýykylmagy, arassalanmagy we ýaşaýjylarynyň üçünji ýurtlara ugradylmagy baradaky beýannamasyny ýazgardy.
“Bu diýseň howply. Ýiňrenç we gorkunç. Men muny berk ýazgarýaryn”diýen Lammy, “Gazadaky operasiýalar iki taraply gatnaşyklarymyza bap gelmeýär” diýip belledi.
Ministr Lammy “Şu gün Ysraýylyň hökümeti bilen erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň saklanandygyny mälim edýärin” diýdi.
Ysraýyl, Britaniýanyň ozalky hökümeti bilen 2022-nji ýylda başlan söwda gepleşiklerinde hiç hili öňe gidişligiň edilmändigini mälim edipdi.
ÝB bilen gatnaşyklaryň kesilmegi
Beýleki tarapdan ÝB, Gazadaky gumanitar krizisiň gün saýyn çuňlaşmagyna alada bildirýändigini we Ysraýyl üçin döredilen söwda ýeňilliklerini gözden geçirjekdigini mälim etdi.
ÝB-niň Daşary işler geňeşiniň Brýuselde geçirlen maslahatydnan soň metbugata beýannama beren Kaža Kallas, “Ysraýyl bilen guramanyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk şertnamasynyň 2-nji maddasynyň gözden geçirilmegi meselesini seljereris” diýdi.
Kaža Kallas, “Ynsanperwer kömegini açmak Ysraýylyň borjy. Ynsanyň janyny halas etmek biziň esasy ýörelgämiz bolmaly” diýip belledi.
Gazadaky gumanitar pajygany “betbagtçylyk” hökmünde häsiýetlendiren Kallas, ÝB tarapyndan ugradylan ynsanperwer kömeginiň sebite girmeginiň bökdelendigini ýatlatdy.
Kallas, “Ysraýylyň birnäçe kömek konteýneriniň sebite girmegine elbetde kanagatlanma bildirýäris. Emma bu deňizde bir damja suw ýaly. Ynsanperwer kömegi bökdençsiz dessine sebite ýetirilmeli” diýip belledi.