SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýylyň hökümeti içerki howpsuzlyk gullugyň başlygyny wezipesinden boşatdy
Müňlerçe ysraýylly Iýerusalimde Şin Betiň başlygy Baryň işden boşadylmagyna garşy protest geçirdiler. Muňa garamazdan Ysraýylyň hökümeti bu karary tassyklady. Şin Betiň başlygy Netanýahunyň karary "şahsy sebäpler" bilen kabul edendigini aýdýar.
Ysraýylyň hökümeti içerki howpsuzlyk gullugyň başlygyny wezipesinden boşatdy
Prostest ýörişi, Iýerusalim / Reuters
March 21, 2025

Ysraýylyň hökümeti içerki howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ronen Baryň işden boşadylmagy hakyndaky karary tassyklady. Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň "Baryň wezipesini bes etmek"hakyndaky teklibine hökümet biragyzdan razylyk bildirdi. Netanýahunyň ofisi anna güni bu barada habar berdi. Bar içerki howpsuzlyk gullugy Şin Betiň başlygy wezipesinden giç galsa 10-njy aprelde ýa-da täze ýolbaşçy bellenenden soň çekiler. Netanýahu Baryň işden boşadylmagy baradaky kararyny geçen ýekşenbe güni howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysyna bolan "dowam edýän ynamsyzlyk" bilen esaslandyrdy.

Premýer-ministriň ministrler kabinetiniň agzalaryna ýazan hatynda, Bara bolan ynamyň azalmagy sebäpli "hökümet we premýer-ministr öz wezipelerini netijeli ýerine ýetirip bilmeýärler" diýilýär. Bu ýagdaý howpsuzlyk gullugynyň "operatiw mümkinçiliklerini" we "döwletiň dolandyrylyşyny" bökdeýär. Ynamyň Gaza zolagyndaky uruş döwründe-de azalmağa dowam edendigi bellenilýär.

Bar anna güni çap edilen hatynda Netanýahunyň özüni işden boşatmagynyň aňyrsynda "şahsy sebäpleriň" bardygy beýan edýär. Ol premýer-ministr Şin Betiň "7-nji oktýabrdaky wakalar we beýleki möhüm meseleler bilen bagly derňewleri" bökdemek isleýändigini öňe sürdi.

Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy öz wezipesinden gysga möhletde çekiljekdigini ozalam beýan edipdi. Ol mart aýynyň başynda Şin Betiň Hamasyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky ar alyş hüjümi bilen bagly ýalňyşlyklaryny boýun aldy. Bar, "Şin Bet başgaça hereket eden  bolsady, bu wakanyň öňüni alyp bolardy" diýip, derňew hasabatynda beýan edipdi.

Içerki derňewiň netijesinde Şin Betiň 7-nji oktýabr gijesinde we ondan ozal hem ýalňyş hereket edendigi ýüze çykaryldy diýip, howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy aýtdy. "Biz başarnyksyz bolduk" diýip, Bar hasabatyň netijelerini jemledi.

Bar 2021-nji ýylda ozalky hökümet tarapyndan wezipä bellenipdi. Onuň Netanýahu bilen gatnaşyklary 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan ozalam dartgynlydy.

Penşenbe güni Iýerusalimde sowuk we ýagyşly howa şertlerine garamazdan müňlerçe adam köçelere çykyp, Baryň işden boşadylmagyna garşy protest geçirdi. Olar Netanýahunyň hususy ýaşaýyş jaýynyň we parlamentiň öňüne ýygnanşdylar.

Ondan birnçäne gün ozalam müňlerçe adam protest geçirdi. Protestler esasan Ysraýylyň hökümetiniň Gaza urşuny gaýtadan başlamak baradaky kararyna garşy geçirildi, sebäbi ol ýerde henizem ysraýyllylar bar.

Prezident Isaak Herzog hem hökümetiň pozisiýasyna tankydy garaýş bildirdi. "Biz henizem ýesirlerimizi öýlerine getirmek ýaly mukaddes borjy ýerine ýetirýärkäk, urşy gaýtadan başlamak düşnüksiz" diýip, ol penşenbe güni halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilen wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Gynansak-da, biz bir taraplaýyn çärelere şaýatlyk edýäris we olaryň milli durnuklylygymyza ýetirýän täsirleri barada çuňňur aladalanýaryn" diýip, Herzog sözüni dowam etdirdi. Ol hökümeti müňlerçe adamyň gatnaşýan protestlerine üns bermäge çagyrdy.

Ysraýylyň hüjümlerinde azyndan 710 palestinaly öldi

Ysraýyl Hamas bilen ýaraşygy bozup, sişenbe gije Gaza zolagyna iň güýçli howa hüjümlerini gurady. Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä bu hüjümlerde azyndan 710 adam, şol sanda köp sanly aýallar we çagalar ýogaldy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us