ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stew Witkoff, Kremliň habar bermegine görä, anna güni Moska geldi.
RIA habarlar gullugyna esaslanylýan habarda, Witkoffyň Russiýa gelendigi we anna güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýandygy nygtaldy.
Bu sapar, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite wekili Kirill Dmitriýewiň Waşingtonda Witkoff bilen birlikde amerikaly beýleki ýolbaşçylar bilen bolan duşuşygyndan bir hepde soň guraldy.
Russiýa, soňky Putin-Witkoff duşuşygyny oňyn hökmünde häsiýetlendiripdi we rus lideriň ilçini diňländigini we Trampa ýetirmegi üçin möhüm maglumatlar berendigini nygtady.
Penşenbe güni Amerikaly wekiliýet, iki ýurduň arasynda ilçihanalaryň işiniň kadalaşdyrylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Stambulda Russiýanyň Baş konsullugyna gelipdi.
Duşuşykda rus wekiliýetine Russiýanyň ABŞ-daky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Darçiýew, Amerikanyň wekiliýetine bolsa Döwlet sekretarynyň orunbasary Sonata Koulter ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Aleksandr Darçiýew käbir meseleler boýunça häzirden ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.
Soňky ýyllarda hem Moskwa, hem-de Waşington diplomatlarynyň şahadatnama almakda kynçylyk çekýändiklerini we ilçihanalaryň işiniň kynlaşandygyny nygtaýardy.
örän kynlaşandygyny aýtdylar.