DÜNÝÄ
2 minut okamak
Golan ysraýylly iki adamyň Waşingtonda öldürilmeginden Netanýahunyň jogapkärdigini aýtdy
Ysraýylly oppozisiýanyň lideri, Netanýahunuň adminstrasiýasynyň ýewreýlere howp salýandygyny we Ysraýyla garşy ýigrenji güýçlendirýändigini aýtdy.
Golan ysraýylly iki adamyň Waşingtonda öldürilmeginden Netanýahunyň jogapkärdigini aýtdy
9 hours ago

Ysraýylly oppozisiýanyň lideri Ýair Golan, Waşingtonda ilçihanada işleýän iki adamyň öldürilmeginden Premýer-ministr Netanýahunuň we hökümetiniň jogapkärdigini aýtdy.

Demokratlar partiýasynyň lideri Golan, penşenbe güni beren beýannamasynda, ysraýylly ministrleriň eden çykyşlarynyň bu wakanyň başdan geçirilmegine sebäp bolandygyny belledi.

Netanýahunuň hökümeti, “Ysraýyla garşy ýigrenji we antisemitizmi güýçlendirýär” diýen Golan, “bu tutum dünýäniň çar tarapynda ýewreýlere uly howpyň abanmagyna sebäp bolýar”diýip belledi.

Oppozisiýanyň lideri, hökümeti çalyşjakdygyny, Ysraýylda we dünýäniň çar tarapynda ýewreýler üçin howpsuzlygy dikeltjekdigini aýtdy.

Netanýahu bolsa wakanyň antisemitizmiň we Ysraýyla garşy wagşyça öjükdirmeleriň netijesi bolandygyny öňe sürdi.

Netanýahu, dünýäniň çar tarapynda Ysraýylyň ilçihanalarynda howpsuzlygyň artdyryljakdygyny belledi.

Çarşenbe güni Waşintonda Ýewreý muzeýiniň golaýynda ot açan hüjümçi, Ysraýylyň ilçihanasynda işleýän 2 adamy öldürdi.

Wakany ýazgaran ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, wakanyň antisemizitm bilen baglanşyklydygyny belledi.

Ysraýyl atyşygyň bes edilmegi üçin halkara derejesinde berilýän çagyryşlara garamazdan 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär. Ysraýylyň hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 53 müň 700 palestinaly öldürildi.

Halkara jenaýat kazyýeti, geçen ýylyň noýabr aýynda Premýer-ministr Netanýahu bilen birlikde ozalky Goranmak ministri Gallandyň Gazadaky harby we adamzada garşy edýän jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi boýunça karar kabul edipdi.

Gazada dowam edýän söweş sebäpli Halkara Adalat diwanynda Ysraýyla garşy gozgalan genosid işi dowam edýär.

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us