Ak Tamyň resmisi, AFP habarlar gullugyna beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ukraina berilýän kömekleri bes edendigini mälim etdi we resmi Kiýewe Russiýa bilen ýaraşyk gepleşiklerini geçirmegi üçin edilýän basyşy artdyrandygyny belledi.
Ak Tamyň resmisi “Prezident parahatçylyk isleýändigini açyk-aýdyň mälim etdi. Hyzmatdaşlarymyzyň hem şol maksada gönükmegini isleýär. Ukrainanyň Russiýa bilen ýaraşyk gepleşiklerini geçirmegine gysyş etmek üçin berilýän kömekleri bes etdi” diýdi.
The Wall Street Žournal gazeti ABŞ-nyň häzirki we ozalky resmilerine salgylanyp, adminstrasiýanyň daşary ýurt kömeklerini soňky hepdelerde saklandygyny mälim etdi.
Bu karar Ak Tamda Prezident Donald Tramp bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň arasyndaky dartgynly duşuşykdan soň birnäçe gün soň kabul edildi.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň Trampyň Russiýa bilen 3 ýyldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin edýän tagallasynyň yzygiderli parahatçylygy üpjün edip bilmejekdigini alada bildirmegi uly jedelleşige sebäp boldy.
Zelenskiý, dartgynly duşuşykdan soň Ak Tamdan gitdi we minerallar bilen baglanşykly şertnama gol çekişlik dabarasy hem geçirilmedi.
Tramp Ak Tamda metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Ukraina berýän kömegini dowam etdirip etdirmejekdigi baradaky soraga “Bu meseläni heniz seljermedik” diýip jogap berdi.
“Uzaga çekmez”
Şol gün irden ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Zelenksä, Russiýa bilen dowam edýän söweş baradaky tutumy üýtgemän halatynda, ABŞ-nyň Ukraina berýän kömeginiň uzak dowam etmejekdigi barada duýduryş berendigi nygtaldy.
Şeýle hem Zelenskiýniniň Russiýa bilen ylalaşyk gazanyp bilmese bu işiň uzaga çekmejekdigini belledi.
Tramp, “Eger kimdir biri ylalaşyk islemeýän bolsa onda meniň pikirimçe şol adamyň işi uzaga çekez” diýip belledi we sözlerini “Şol adamyň sözleri uzak wagt diňlenip bilinmez. Sebäbi Russiýanyň parahatçylyk isleýändigine ynanýaryn. Ukrain halkynyň hem parahatçylyk isleýändigine doly ynanýaryn” diýdi.
Beýleki tarapdan The Wall Street Žournal gazeti, Ak Tamyň resmileriniň kömekleriň diplomatik maksatlara bap gelip gelmeýändigini öwrenmek üçin seljeriş işlerini başladandygyna ünsi çekýär.
Trampyň beýannamasyndan gysga wagt soň Zelenskiý, ABŞ-nyň parahatçylygy üpjün etmek üçin berýän goldawyna umyt bildirýändigini we Ukrainanyň resmi Waşington bilen birlikde Ýewropadaky beýleki hyzmatdaşlary bilen söweşiň bes edilmegi üçin ýakyndan işleşýandigini aýtdy.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Biz Amerika we Ýewropadaky hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde işleşýäris we parahatçylyk üçin ABŞ-nyň berýän goldawyndan umytly” diýdi.