DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýaponiýa 2017-nji ýylda 9 adamy öldürmekde günäli tapylan 'Twitter ganhoryny' jezalandyrdy
Aklawçylar tarapyndan edilen şikaýat yza çekilenden soň, ganhoryň ölüm jezasy 2021-nji ýylda tassyklanypdy.
Ýaponiýa 2017-nji ýylda 9 adamy öldürmekde günäli tapylan 'Twitter ganhoryny' jezalandyrdy
منذ 6 ساعات

Ýerli habarlar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Ýaponiýanyň resmileri 2017-nji ýylda 9 adamy öldürmekde günäli tapylan bir adamyň ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Kýodo habarlar agentligi tarapyndan berlen habara görä Ýaponiýada “Twitter ganhory” hökmünde tanalýan Takahiro Şiraişiniň ölüm jezasy, aklawçylarynyň şikýatlaryny yzyna çekmeklerinden soň 2021-nji ýylda tassyklanypdy.

Şiraişi pidalaryny duzaga düşürmek üçin Twitter gollanmasyny peýdalanypdyr we öz janyna kast etmek isleýän adamlara ölmeklerine ýa-da öz janyna kast etmeklerine tomaşa etmegi teklip edipdir.

Şiraişi Tokionyň golaýyndaky öýünde adam öldürmek, böleklere bölmek we jesetlerini gizlemek ýaly gjenaýatlar amala aşyrypdyr. Kazyýetiň kararyna görä Şiraişi 2017-nji ýylyň awgust aýynyň ahyry bilen oktýabr aýynyň ahyry aralygynda ýaşlary 15 bilen 26 aralygynda üýtgeýän 8 zenan we 1 erkek adamy öýünde duzaga düşürip, olary bogup öldürdi we jesetlerini böleklere böldi.

Ganhoryň zenan pidalarynyň ählisine jyns taýdan zorluk görkezendigi we pullaryny ogurlandygy habar berildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us