DÜNÝÄ
1 minut okamak
Fransiýada PSG-niň ýeňişi 2 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
Ýurduň çar tarapyndan PSG komandasynyň ýeňişi mynasibetli geçirlen dabarlarda asuda ilatdan 192 adam, howpsuzlyk güýçlerinden 22 adam we 7 ýangyn söndüriji ýaralandy.
Fransiýada PSG-niň ýeňişi 2 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy
June 2, 2025

Fransiýanyň PSG futbol komandasynyň şenbe güni Germaniýanyň Mýunhen şäherinde Italiýanyň Inter Milan komandasy bilen geçiren duşuşygynda bäsdeşini 5-0 hasabynda ýeňip çempion bolmagyndan soň geçirlen dabaralarda azyndan 2 adam ýogaldy, 500-den gowrak adam saklandy.

BFMTW telekanalynyň berýän habaryna görä, Parižde geçirlen dabaralarda 23 ýaşyndaky adam skuter sürüp barýarka ulag bilen çaknyşyp aradan çykdy.

Parižiň günorta günbatarynda ýerleşýän Dax şäherçesinde 17 ýaşyndaky oglan dabalaryň çäginde pyçaklanyp öldürildi.

PSG komandasynyň ýeňişi mynasibetli geçirlen dabarlarda asuda ilatdan 192 adam, howpsuzlyk güýçlerinden 22 adam we 7 ýangyn söndüriji hem ýaralandy.

Başdan geçirlen wakalarda 491-i Parižde bolmak bilen jemi 559 adam hem saklandy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us