Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Edoganyň maşgalasy Emine Erdogan Maşgala we sosial üpjünçilik minisrtligi tarapyndan guralan Halkara maşgala forumynyň çäginde berilen galada çykyş etdi.
Ýokarlaýan ünse ünsi çeken Emine Erdogan “Men derdimiziňem-gamymyzyňam birdigine ynanýaryn. Biziň ählimiz maşgala abýan howplaryň artýan döwründe ony goramagyň ugrunda tagalla edýäris” diýdi.
Forumyň “şol umumy maksada ýetmek üçin güýçli arkalaşygyň ilkinji ädimidigine” ynanýandygyny beýan etdi.
Jemgyýetiň esasy düzüm bölegi
Maşgalany “jemgyýetiň esasy düzüm bölegi” hökmünde häsýetlendiren Emine Erdogan, maşgalanyň gymmatlyklaryň, howpsuzlygyň we milli şahsyýetiň gözbaşydygyny nygtady. “Bir güli köpeltmek üçin şahasyny suwda köklendirýän bolsa, maşgala hem medeniýet mirasynyň köklendirilýän gadymy sütünidir” diýdi.
Emine Erdogan “global howplaryň” milli maşgala gurluşyna zyýan ýetirýandigini beýan edip, şol howplaryň “galany içerden zabtetmäge” synanşylýandygyny we çagalaryň aňlarynyň üýtgedilmek islenýändigini nygtady.
Hökümetleri hemaýat beriji syýastlary ýaýbaňlandyrmaga çağyran Erdogan; “Maşgala bütin dünýäde jemgyýetiň umumy gymmatlygy, ähli dinleriň mukaddesidir” diýdi.
Türkiýe 2025-nji ýyly Maşgala ýyly yglan etdi
2025-nji ýyly “Maşgala ýyly” diýip, yglan edendiklerini beýan eden Emine Erdogan, Türkiýäniň maşgalanyň bitewiligini güýçlendirmek ugrunda durmuş gurmak we çagalara berilýän kömekler, hemaýat ediji maşgala maksatnamalary bilen ÝUNISEF tarapyndan kanagatlanma bildirilýän “Köňül ilçileri taslamasy” ýaly başlangyçlaryna ünsi çekdi. Türkiýäniň esasy medeni gymmatlyklary hakynda-da durup geçen Erdogan; “Türk medeniýetiniň özeni, nesilleri özünde jemleýan giň maşgaladyr” diýdi. Garward uniwersitetiniň geçiren ylmy-barlagyna ünsleri çeken Emine Erdogan; “Adamyň bagtyýarlygynyň syry, ýokary derejeli we durnukly gatnaşyklary açmagyna baglydyr” diýdi.
Dünýädä çekilýän gam-gussalara ünsi çeken Erdogan; “2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Palestinde ähli agzalary bilen 2 münden gowrak maşgala ýok boldy” diýip, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni mesela çekdi.
Maşgala we daşky gurşaw üçin howplar
Forumyň çäginde 15 ýurduň wekilleri BMG-niň 78-nji Sessiýasynda yglan edilen Global 0 zyňyndy hakyndaky ýagşy niýetli beýannama gol goýdy. Palestinanyň, Nigeriň, Senegalyň, Malaýziýanyň, Gyrgyzstanyň we beýleki ýurtlaryň ministrleri hem-de ýokary derejeli resmileri kepilliklerini beýan etdiler.
Maşgala we sosial üpjünçilik ministri Mahinur Özdemir Göktaş bu möhüm çärede Emine Erdogana maşgala agajynyň portretini sowgat etdi.
Emine Erdogan soň sosial mediada paýlaşan habarnamasynda “Maşgala adamzadyň iň gadymy we gymmatly hazynasydyr. (…) Şu düşünjeler bilen Halkara maşgala forumynyň gala agşamynda dünýäniň dürli künjeginden gelen hormatly ministrleri we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşmakdan örän hoşal boldum” diýip ýazdy.
27-nji ýurduň ministrleriniň gatnaşmagynda penşenbe güni Stambulda başlan Halkara maşgala forumy “Maşgalamyz gelejeğimiz” temasy bilen geçirilýär.
Iki gün dowam etjek çäre Türkiýe Respublikasynyň Maşgala we sosial üpjünçilik ministrliginiň hemaýat bermeginde ýurduň 2025 Maşgala ýyly başlangyjynyn çäginde guraldy.
Forumyň ýapylyşynda Prezident R.T.Erdoganyň çykyş etmegine garaşylýar.