Bu duşuşyk onlarça ýyllyk çaknyşyklardan soň gatnaşyklary kadalaşdyrmakda möhüm ädim bolup durýar.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan Türkiyäniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilýän Antalýa Diplomatiýa Forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni beren beýanatynda: “Taraplar Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Parahatçylyk we Döwletara Gatnaşyklary Ýola Goýmak Ylalaşygynyň teksti boýunça işleriň tamamlanmagyndan soň, kadalaşdyrma tapgyrynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar” diýip belledi.
Beýanatda: “Ministrler gepleşikleri dowam etdirmekde ygrarlydyklaryny aýtdylar” diýildi.
Antalýa Diplomatiýa forumynyň çäginde geçirilen panelde çykyş eden Baýramow, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky taryhy kadalaşdyrma tapgyrynyň 2020-nji ýyldaky Garabag urşundan soň başlandygyny aýtdy.
Geçen aý bolsa iki ýurt parahatçylyk şertnamasynyň tekstinde ylalaşyk gazanypdy.
Baýramow Türkiyäniň sebitdäki roly barada öwgüli sözler aýtdy we aragatnaşyk liniýalarynyň ýaňadandan ýola goýulmagynyň ileri tutuýan ugurlarynyň biridigini belläp: “Indiki tapgyrda bu ylalaşyk durmuşa geçiriler. Ol gol çekilenden soň, tapgyr ahyrky görnüşini alar. Biz işlemeýän tapgyry işlär ýaly etdik. Ermenistanyň Konstitusiýasyna zerur üýtgeşmeler giriziler. Şeýdip, ýer talaplary düzgünleşdiriler” diýdi.
Baýramowyň aýdanlaryny goldan Mirzoýan bolsa öz gezeginde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk şertnamasynyň sebite abadançylyk getirjekdigini beyan etdi.
Parahatçylyk we Kadalaşdyrma tapgyry
Antalýa Diplomatiýa Forumyna ýer eýeçilik edýän Türkiye, Azerbaýjanyň Ermenistan bilen kadalaşdyrma tagallalaryny uzak wagt bäri goldap gelýär.
Iki öňki Sowet respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 1991-nji ýyldan bäri dartgynly bolupdy, şol döwürde Ermenistanyň harbylary halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen Garabag sebitini we onuň töweregindäki ýedi sebiti basyp aldy.
Bu sebitiň köp bölegi 2020-nji ýylyň güýz paslynda 44 günlük uruşda Azerbaýjan tarapyndan yzyna alynypdy, bu uruş Russiýanyň araçylyk eden parahatçylyk ylalaşygy bilen tamamlanypdy we kadalaşdyrma hem-de serhet kesgitleme gepleşikleriniň öňüni açypdy.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Azerbaýjan Garabagda doly özygtyýarlylygyny ýola goýdy, sebitdäki separatist güýçler boýun egipdi.
13-nji martda Baku we Ýeriwan parahatçylyk şertnamasynyň ähli 17 maddasy boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny yglan etdiler.