Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň myhmany hökmünde Moskwada saparda bolar.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, 2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-27-i aralygynda guraljak resmi saparyň çäginde Hakan Fidanyň paýtagt Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kabul edilmegine we Lawrow bilen duşuşmagyna garaşylýar.
Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary saparyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Hakan Fidanyň saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda söwda, energetika we syýahatçylyk ýaly ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy meselesi hem gün tertibine getirler.
Hakan Fidan Lawrow we Putin bilen birlikde russiýaly beýleki ýolbaşçylar bilen hem duşuşyk geçirer. Fidanyň şol çäkde 16-njy maýda Stambulda geçirlen Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde rus wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Wladimir Medinsiý we Goranmak ministri Belousow hem duşuşmagyna garaşylýar.
Saparyň çäginde geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagy meselesi hem seljerler.
Fidanyň dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin Türkiýäniň edýän tagallasyna ünsi çekmegine garaşylýar.
Hakan Fidan mundan başgada Türkiýäniň söweşýän taraplaryň arasynda ozal 2022-nji ýylda we soňky gezek 16-njy maýda öz üstüne alan töwellaçylyk rolyny dowam etdirmegine taýardygyny ýene-de bir gezek nygtamagyna garaşylýar.
Siriýanyň, Gazanyň we Günorta Kawkazyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleleriň hem gün tertibine getirilmegine garaşylýar.
Bu sapar, Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda soňky döwürde guralýan ýokary derejeli saparlaryň täze halkasyny emele getirýär.
Fidan soňky gezek 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 10-11-i aralygynda Russiýada saparda bolupdy we 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Prezident R. T. Erdogan bilen birlikde BRICS-iň liderler sammitine gatnaşypdy.
Fidan bilen Lawrow soňky gezek 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Antalýa diplomatiýa forumynyň çäginde duşuşupdy.