DÜNÝÄ
2 minut okamak
Geň galdyryjy hasabatda Gazanyň ilatynyň 4 göteriminiň öldürilendigi aýdylýar
Professor Maýkl Spagat: “Gazanyň ilatynyň takmynan 4 göteriminiň öldürilendigini pikir edýäris” diýdi.
Geň galdyryjy hasabatda Gazanyň ilatynyň 4 göteriminiň öldürilendigi aýdylýar
8 hours ago

Ysraýylyň gündelik Haaretz gazedi, Ysraýylyň Gaza garşy amala aşyrýan genosid urşunda takmynan 100000 palestinalynyň ýogalandygyny, şol sanyň ilatyň takmynan 4 göterimine gabat gelýändigini habar berdi.

Bu görkeziji, 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan aýan edilen 56300-den gowrak adam sanyndan has ýokarydyr. Haaretz gazedi Ysraýylyň hüjümlerinde ölen palestinalylardan başga-da köp sanda adamyň açlyk, sowuk we kesel ýaly urşuň gytaklaýyn täsirlerinden ölendigini we Gazadaky saglygy goraýyş ulgamynyň çökýändigini aýtdy.

Gazet Ysraýylyň metbugat geňeşçileriniň, žurnalistleriň we täsirli şahsyýetleriň Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gazada aýan eden ýogalan adamlaryň sanyny aşa ulaldandygyny, emma halkara hünärmenleriniň bu sanlaryň ygtybarlydygyny we hatda hakykat bilen deňeşdirilende pes bolup biljekdigini aýdýarlar.

Gazet London uniwersitetiniň Holloueý koležinden zorlukly çaknyşyklarda adam pidalary boýunça dünýä derejesinde hünärmen bolan, ykdysadyýetçi professor Maýkl Spagat tarapyndan taýýarlanan derňewine salgylandy.

Spagat Palestinanyň ýaşaýyş ýerlerinde takmynan 2000 maşgalada hasaba alnan 10 müň adamy öz içine alýan derňewinde: “2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Gazada uruş döwründe takmynan 75200 adamyň aşa zorlukly ölüm bilen ýogalandygyny we olaryň aglabasynyň Ysraýyla degişli ok-däriler sebäpli ýogalandygy netijä gelindi” diýip habar berdi.

21-nji asyryň iň ganly uruşlarynyň biri: Gaza urşy

Geçirlen derňewlere görä ýogalanlaryň 56 göterimi 18 ýaşdan kiçi bolan çagalardan ýa-da zenanlardan ybarat. Haaretz: “Bu II Jahan urşundan bäri başdan geçirlen ähli beýleki çaknyşyklar bilen deňeşdirilende adatdan daşary bir görkeziji” diýip mälim etdi.

Spagat derňewletiniň netijeleriniň Gaza urşuny "21-nji asyryň iň ganly uruşlarynyň biri" hökmünde häsýetlendirilýändigini beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us