Syýasat
2 minut okamak
Arap Ýurtlaryň liderlerleri Gaza meýilnamasyny kabul etmedi
Siriýanyň Prezidenti Ahmad Al Şara, Gazadan halkyň zor bilen göçürilmegi meýilnamasyny ýazgardy we meýilnamany “adamzat üçin utanç” we Arap ýurtlary üçin “synag” hökmünde häsiýetlendirdi.
Arap Ýurtlaryň liderlerleri Gaza meýilnamasyny kabul etmedi
5 mars 2025

Müsüriň Prezidenti Abdel Al Fattah al Sisi, Arap ýurtlaryň liderleriniň söweşden soň Gazanyň gaýtadan dikeldiş meýilnamasyna goldaw berendigini we şol meýilnamanyň 2 milliona golaý palestinalynyň topraklarynda ýaşamagyna rugsat berjekdigini aýtdy.

Sişenbe güni Kairde geçirlen maslahatda, liderler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sebitiň boşadylmagy baradaky meýilnamasyna garşy täze teklibi sese goýdy.

Maslahatda çykyş eden Siriýanyň Prezidenti Ahmad Al Şara, palestinalylaryň öz ýurtlaryndan zor bilen göçürilmegi meýilnamasyny ýazgardy we meýilnamany “adamzat üçin utanç” we Arap ýurtlary üçin “synag” hökmünde häsiýetlendirdi.

Al Şara, “Palestin halkynyň topraklaryndan zor bilen göçürilmegi çagyryşy, adamzat üçin uly utanç” diýdi.

Bu çagyryşy diňe Palestin halky üçin däl eýsem Arap ýurtlary taýdan hem howply bolandygy barasynda duýduryş berdi.

Al Şara, “Gazanyň halkynyň zor bilen göçürilmegi howpy diňe gumanitar mesele däl, bu şol bir wagtda araplar üçin hem uly synagdyr” diýip belledi.

Palestin halkynyň topraklaryndan çykarylmagynyň kabul edilmejekdigini nygtan Şara “Araplar agybirlikde bu meýilnama garşy durmaly” diýdi.

“Syýasy Çarçuwa gerek

Maslahatda çykyş eden BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin syýasy çarçuwanyň kesgitlenilmelidigini nygtady.

BMG-nyň Baş sekretary, Gazada ýagdaýyň kadalaşmagy, gaýtadan dikeldilmegi we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin halkara hukuk kadalaryna esaslanýan syýasy çarçuwanyň kesgitlenilmelidigini aýtdy.

“Gaza, gelejekdäki Palestin döwletiniň bitewi bölegi bolmaly” diýen Guterreş, “Gazanyň durnukly gelejegi, howsuzlyga, durnuklylyga we gazalylaryň hak-hukuklaryna esaslanmaly” diýdi.

Guterreş, dartgynlygyň gyssagly gowşamagy üçin çagyryş berdi we Gaza şertsiz ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň, gazalylaryň esasy hukuklaryndan biridigini nygtady.

Guterreş, nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen maslahaty, halkara jemgyýetçiliginiň söweşiň bes edilmegi, adam azabynyň ýeňilleşdirmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky jogapkärçiligiň möhüm başlangyjy hökmünde häsiýetlendirdi.

 

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us