Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden Madlen atly gämi Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanypdy.
Daşary işler ministrligi hem gämidäki türk raýatlary bilen ýakyndan gyzyklanýar.
Saklanan meýletinler, duşenbe güni ýari gije gämiden çykaryldy. Türkiýäniň Tel-Awiwdäki ilçihanasynyň ýolbaşçylary gämidäki türk meýletinler bilen duşuşdy.
Türk raýatlaryna degişli konsullyk goldawynyň berlendigi we saklanan türk raýatlarynyň hossarlaryna etap hakynda maglumat berlendigi bellenildi.
“Azatlyk flody” degişli Madleen atly ynsanperwer kömek gämisi Gaza gabawyny bozmak we sebite ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen 1-nji iýunda Italiýanyň Katanýa şäherindäki San Giowanni Li Juti portundan Gaza tarap ugrady.
18 metr uzynlygyndaky Madleen atly gäminiň meýletinleri Ysraýylyň howpsuzlyk güýçlerine garşylyk görkezmejekdiklerini mälim edipdi.
Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri duşenbe güni Madleen atly ynsanperwer kömek gämisini saklady.
Gäminiň ýolagçylarynyň arasynda Ýewropa Parlamentiniň fransiýaly agzasy Rima Hassan, Germaniýanyň raýaty Ýasemin Ajar, Türkiýeden Hüseýin Şuaýb Ordu, Braziliýadan Awila, Ispaniýadan Toribio, Gollandiýadan Marko wan Rennes, Fransiýadan Andre, Rewa Wiard, Şwesiýadan Greta Tunberg we žurnalist Omar Faiad ýer alýar.