DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eyran-Ysrayyl Dartgynlygy: Ženewada iki hepdelik diplomatiya tapgyry başlayar
Anna güni geçirilmegi meyilleşdirilyän maslahatda Eyranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi Britaniyanyň, Germaniyanyň, Fransiyanyň daşary işler ministrleri hem-de YB-den kärdeşleri bilen duşuşar.
Eyran-Ysrayyl Dartgynlygy: Ženewada iki hepdelik diplomatiya tapgyry başlayar
7 hours ago

Yakyn Gündogardaky ähtimal giň gerimli çaknyşygyň öňüni almaga çalyşyan global güyçler, Ysrayyl bilen Eyranyň arasyndaky dartgynlygy gowşatmak maksady bilen anna güni Ženewada yokary ähmiyetli diplomatik başlangycyň başyny başladarlar. Maslahatyň möwç alyan dartgynlyga parahatçylykly çözgüt tapmak üçin iki hepdelik möhüm diplomatik tapgyry başlatmagyna garaşylyar.

Britaniyadan, Fransiyadan we Germaniyadan yokary dereceli diplomatlar Eyranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen duşuşyp, Tähraqnyň yadro maksatnamasy hakynda pikir alyşarlar we dartgynlygy gowşatmak üçin bar bolan çykalgalary selcererler. YB-niň Daşary gatnaşyklar boyunça Yokary komissary Kaža Kallasyň maslahata gatnaşmagyna garaşylyar.

Ženewadaky maslahat sebitiň açyk çaknyşygyň bosagasyna gelmegi sebäpli artyan aladalaryň çäginde geçiriler. Resmiler gepleşikleriň gelecek hepde Gagada geçirilcek NATO-nyň liderler sammitinden öň diplomatik şertleri tayyarlamagy maksat edinyändigini habar beryär. Sammitde Yakyn Gündogaryň umumy howpsuzlygy hem selceriler. Britaniyanyň Daşary işler ministri Dewid Lammy, X hasabyndan beren habarnamasynda meseläniň ähmiyeti ünsi çekip; “Yakyn Gündogardaky şertler henizem iňňän howply. Eyranyň hiç haçan yadro yaragyna eye bolmaly däldigi meselesinde biz ygrarly” diydi. Lammy, Ak Tamda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Runio we ABŞ-nyň yörite wekili Stiw Witkoff bilen geçiren duşuşygynda; “Biz ylalaşygyň çaknyşyklaryň öňüni nähili alcakdygy hakynda pikir alyşandyk” diydi. Lammy “Diplomatik çözgüt üçin öňümizde iki hepdelik möhlet bar” diydi.

Lammy: “Anna güni Eyranyň Daşary işler minsitri blen, fransuz, nemes we YB-nden kardeşlerim bilen bilelikde Ženewada duşuşaryn. İndi Yakyn Gündogardaky elhenç wakalary bes etmegiň we hiç kime peydasy bolmadyk sebitleyin dartgynlygyň öňüni almagyň wagty geldi” diydi.

Iyun ayynyn 24-25-i aralygynda NATO-nyň Gagada geçirilcek sammitine ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Türkiyäniň döwlet Yolbaşçysy R.T.Erdogan we alyansyn beyleki liderleri gatnaşar.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us