Pakistan, Hindistanyň çarşenbe güni ir ertir guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 26 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.
Ýadro ýaragyna eýe goňşy iki ýurduň arasyndaky çaknyşyklaryň güýçlenip biljekdigi barada duýduruş berdi.
Täze Deli 22-nji aprelde Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde guralan hüjümden soň terror düşelgelerini nyşana alandygyny mälim etdi.
Emma Yslamabat Hindistan tarapyndan guralan hüjümde ilatly ýerleriň bombalanandygyny we hüjümlerde 26 adamyň ýogalandygyny, 46 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.
Pakistana hüjüme degişli gaýtawulyň görkezilendigini we Hindistana degişli 5 harby uçaryň urlup düşürlendigine ünsi çekdi.
Hindistanly ýerli ýolbaşçylar bolsa Kaşmirde 3 harby uçaryň urup düşürlendigini belledi.
Täze Deli tarapyndan mesele barada heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi.
Täze Deli, Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir we Penjap sebitlerinde 9 nokadaky terror merkezlerine hüjüm gurandygyny öňe sürdi.
Pakistanyň Pahalgam hüjümden jogapkärdigi sebäpli şeýle hüjümiň guralandygy nygtaldy.
Pakistan bolsa hüjüm bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtaýar we Hindistanyň subutnama görkezmegini talap edýär.
“Roýter” habarlar gullugyna beýannama beren ýerli ýolbaşçylar, Hindistanyň serhetaşa hüjümlerinden birnäçe sagat soň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde 3 harby uçaryň urlup düşürlendigini mälim etdi.
Pakistanyň harby goşunynyň metbugat sekretary bolsa Hindistana degişli 5 harby uçaryň urlup düşürlendigini habar berdi.
Hindistan 3 harby uçaryň urlup düşürlendigi hakyndaky habarlary tassyklady.
Pakistan hüjümlerde biri çaga asuda ilatdan 8 adamyň öldürlendigini habar berdi.
“AFP” habarlar gullugynyň habarçylary, Pakistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir we Penjap welaýatlaryndan güýçli partlama sesleriniň eşidilendigini mälim etdi.
Pakistanyň Premýer-ministri Şabhaz Şerif, Hindistanyň hüjümlerini “sebäpsiz” we “gorkaklyk” hökmünde häsiýetlendirdi.
Premýer-ministr Şerif, hüjüme degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini belledi.
Diplomatlar söweşiň bosagasyna çenli gelen tutumlaryndan ýüz öwürmekleri üçin liderlere basyş edýär.
Hytaý, Hindistanyň Pakistana guran hüjümlerine gynanç bildirdi. Hüjümlere uly alada bildiren Hytaý, iki tarapa hem parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň metbugat sekretary Stefan Dužarriç, Baş sekretaryň taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş berendigini mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, çaknyşyklaryň gysga wagtda bes edilmegini umyd edýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bolsa hüjümlerden soň hindistanly we pakistanly ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.