SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Siriýanyň täze lideri Ahmed Şara bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Al Şaradan, Siriýada DEAŞ-a degişli tussaglylaryň bolýan merkeziniň we terror guramasy PKK/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky merkezleriň jogapkärçiligini öz üstüne almagyny isledi.
Tramp Siriýanyň täze lideri Ahmed Şara bilen duşuşdy
14 мај 2025

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanyna guran resmi saparynyň çäginde dekabr aýynda Başar Asady agdaran Ahmed Al Şara bilen duşuşdy. Tramp şeýlelikde 25 ýyl soň siriýanyň lideri bilen duşuşan ABŞ-nyň ilkinji prezidenti boldy.

Siriýanyň Prezidenti Şara bilen ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman bilen birlikde duşuşdy. Duşuşyga Siriýanyň täze hökümetine ýakyndan goldaw berýän Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan hem wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Türkiýe bilen Saud Arabystany, ABŞ-nyň Siriýa bilen ylalaşyk gazanmagyna uly goldaw berdi, emma Trampyň bu başlangyjyna Ysraýyl berk garşylyk görkezdi. Al Şara garşy durýan Ysraýyl, Siriýanyň harby taýdan güýçden gaçmagy üçin hüjümlerini artdyrdy.

Ak Tam, Prezident Trampyň Siriýanyň liderinden käbir arap ýurtlary bilen baglaşylan İbrahim şertnamasyna goldaw bermegini we Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyny isländigini mälim etdi.

Tramp Al Şaradan mundan başgada palestinaly söweşijileri ýurdundan çykarmagyny we tussag edilen DEAŞ-ly terrorçylaryň bolýan merkezleriniň gözegçiligini ele almagyny talap etdi.

Tramp ýarym sagat dowam eden duşuşykdan soň, Asad döwründe goýlan sanksiýalaryň Siriýa ýaramaz täsirini ýetirendigini belledi.

Tramp, Aýlag ýurtlarynyň liderleri bilen bolan duşuşygynda “Bu beýle aňsat bolmaz, emma olara uly mümkinçilik berýärin” diýdi. ABŞ Siriýadaky içerki uruş sebäpli Damaska ykdysady taýdan uly sanksiýa goýupdy.

Tramp, ABŞ-nyň Siriýany terrora goldaw berýän ýurtlaryň sanawyndan çykarjakdygy barada hiç hili maglumat bermedi. Siriýa 1979-njy ýylda palestinaly söweşijilere goldaw berýändigi sebäpli terrora goldaw berýän ýurtlaryň sanawyna alnypdy.

Katar, Müsür we ABŞ, Trampyň wezipesine girişmeginden bir gün öň 19-njy ýanwarda Gazada Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.

Emma ylalaşygy bozan Ysraýyl Hamasy dolulygyna ýok etmek üçin giň gerimli hüjüme başlajakdygyny mälim etdi.

Ysraýyl iki aýdan gowrak wagt bäri Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegini hem bökdeýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us