DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ukraina Kiýewe we Odessa garşy giň gerimli uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjüminiň bolandygyny aýtdy
Rus hüjümleriniň netijesinde Odessadaky çaga dogrulýan hassahanada bir adam ýogaldy. Ukraina has köp sanksiýalaryň girizilmegini, ýaraglaryň berilmegini talap edýär.
Ukraina Kiýewe we Odessa garşy giň gerimli uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjüminiň bolandygyny aýtdy
20 hours ago

Russiýa Ukrainanyň paýtagty Kiýewe we port şäheri bolan Odessa şäherine uçarmansyz howa ulaglary bilen giň gerimli hüjüm gurady. Ukrainaly resmiler hüjümlerde 1 adamyň ýogalandygyny we çaga dogrulýan hassahananyň nyşana alynandygyny belläp, Russiýa garşy has köp sanksiýalaryň girizilmeigi barada çagyryş berdiler.

Moskwa Ukraina garşy hüjümlerini dowam etdirýärkä, Ukraina hem öz gezeginde Russiýanyň topraklarynyň uzak ýerlerine çenli baryp ýetýän hüjümler gurady.

Hepdäniň ahyrynda Stambulda geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde tussaglaryň alyş-çalşygy barada ylalaşyga geldi. Şol gepleşikler tapgyrynda möhüm ädim hökmünde kabul edilýän hem bolsa, emma entek çaknyşyklary bes etdirjek şertnama baglaşmady.

Kiýewiň merkezinde azyndan 12 partlama, zenit ýaragynyň sesleri we uçarmansyz howa ulaglarynyň sesleri eşidildi. Hüjümlerde azyndan 7 aýry ýer nyşana alyndy, binalara we ulaglara zeper ýetdi. Mundan başgada hüjümlerde ençeme adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us