TÜRKIÝE
3 minut okamak
Altun global mediany hakykat ugrunda göreşmäge çagyryp, Ysrayylyň Gazadaky hüjümlerini yazgardy
Kommunikasiyalar edarasynyň Başlygy dezinformasiya we “algoritm diktatorlygyna” gfarşy global media frontunyň döredilmegi üçin çagyryş edip, Ysrayylyň Gazadaky hüjümini emeli aň tarapyndan goldanyan genosid hökmünde häsyetlendirip, yazgardy.
Altun global mediany hakykat ugrunda göreşmäge çagyryp, Ysrayylyň Gazadaky hüjümlerini yazgardy
Altun global mediany hakykat ugrunda göreşmäge çagyryp, Ysrayylyň Gazadaky hüjümlerini yazgardy / AA
7 orë më parë

Kommunikasiyalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Stambulda geçirilen Aziya-Yuwaş Umman Yaylym Bileleşiginiň (ABU) Habarlar toparynyň maslahatynda we Global habarlar forumynda sözläň sözünde bitewi hem-de hakykata esaslanyan global media frontunyň döredilmegi üçin çagyryş etdi.

Penşenbe güni Stambulda geçirilen Aziya-Yuwaş Umman Yaylym Bileleşiginiň (ABU) Habarlar toparynyň maslahatynda we Global habarlar forumynda dürli sebitlerden media işgärleriniň öňünde çykyş eden Altun, žurnalistikanyň şu günli günde başdan geçiryän digital öwrülşiginden global dezinformasiya çenli uzak gidyän kynçylyklara garşy göreşmegiň hem-de media kontentleriniň adalat bilen hakykaty gaytadan dikeltmegiň ähmiyetine ünsi çekdi.

“Hakykata esaslanyan žurnalistika hökmürowan bolmaly”

Altun häzirkizaman global media ekoulgamyndaky esasy kynçylygyň žurnalistikanyň hakykata esaslanmagyny üpjün etmeklikdigini aytdy. Global jemgyyetleriň plyuralist häsyetde wekilçilik edilmelidigini we yalňyşlykdan hem-de çetleşdirmelerden saplanan hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

Altun: “Bu kynçylygyň üstesinden diňe yalňyş pikirden we gorkydan çetde, hakykatyň üstüni açmaga bagşedilen media hünärmenleri geler” diydi. Altun dünyäde 4 milliarddan gowrak adama hyzmat edyän ABU-nyň şol gyssagly zerurlygy kanagatlandyrjak esasy guramalardan biridigini sözleriniň üstüne goşdy.

19-njyasyrdan bäri global maglumatlary ugrukdyran günbatara esaslanyan maglumat akymyny tankyt eden Altun, şol akymyn çaknyşyga we bölünmelere sebäp bolyandygyny, bilelikde yaşamaga goşant goşmayandygyny beyan etdi. Altun şeyle hem emeli aň yaly tehnologiyalar bilen güýçlenen täze media adalatlyzlygy zamanasynyň başlandygyna ünsi çekdi.

Altun şol howplardan birinin günbataryň sosial media kompaniyalarynyň mejbur ediji “algoritm diktatorlygydygyny” beyan etdi. Şol kompaniyalaryň belli kriteriyalar gönükdirilen manipulirlenen we yalňyş pikirli kontentleri döredip, arabaglanşyk ady bilen gysyşy hem-de hökmürowanlygy berçinleşdiryändigini aytdy.

“Ysrayylyň wagşylygy emeli aň tarapyndan goldanyan genosiddir”

Gaza meselesine ünsleriçeken Altun, Ysrayylyň harby hüjümlerini “doly harby we tehnologik güyç bilen goldanyan genosid” hökmünde häsyetlendirdi. Ysrayylyň etmişleriniň netijesiniň nähili boljakdygyna garamazdan beyan edilmelidigini aytdy.

Altun: “Palestinada sözler bilen beyan edilmesi mümkin bolmadyk elhenç hakykat bar” diydi. “Ysrayylyň hökümetiniň Palestinadaky bigünä halka edyäni çäksiz gyrgynçylykdyr we ol batyrgaylyk bilen beyan edilmeli” diydi.

Altun Ysrayylyň basylyp alynan Günbatar Şerianyň Jenin şäherinde bir türk diplomaty bilen bilelikde diplomatlar toparyna guran hüjümüni yatladyp, bu wakanyň Ysrayylyň “ulgamlayyn hukuksyzlygyny we wagşylygyny” yene-de bir gezek görkezendigini aytdy.

Žurnalistlere edilyän hüjümler

Altun Gazadan habar bermek üçin janlaryna töwekgellik edyän we pida bolan žurnalistleri hormat bilen yatlady.

Şolaryň hatarynda öyüniň bombalanandygyny göni yaylymda öwrenen “TRT Arabiniň” habarçysy Rubai Halid, bir ayagyny yitirendigine garamazdan işlemäge dowam etjekdigini aydan TRT-niň operatory Sami ŞAhade we 10-njy yanwarda Ysrayylyň hüjüminde yogalan “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysy Said Abu Nabhany yatlap geçdi.

Altun: “2023-nji yylyň 7-nji oktyabryndan bäri Ysrayyl 222 žurnalisti öldürdi-bu san geçen asyrdaky ähli uruşlarda öldürilen žurnalistleriň sanynda köp. Şol batyrgay žurnalistler atyşlar dowam edyärkä hem hakykaty dünyä yetirmekden el çekmediler. Prezidentimiz Erdoganyň hem aydyşy yaly, Gazadan bütin dünyä aragatnaşyk geçelgesini açdylar” diydi.

Fahrettin Altun esasan-da TRT we “Anadoly” habarlar gullugynyň başda gurmagynda Türkiyäniň jemgyyetçilik yaylym organlaryna şol geçelgäni açyk saklamak ugrundaky irginsiz tagallalary üçin sagbolsun aytdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us