Anna güni Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Ministr Hakan Fidanyň Kiýewde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý tarapyndan kabul edilendigi nygtaldy.
Hakan Fidan resmi saparynyň çäginde Ukrainanyň Prezidentiniň dolandyryş edarasynyň başlygy Andriý Ýermak bilen duşuşdy.
Duşuşyklar hakynda giňişleýin maglumat berilmedi.
Daşary işler ministri Fidan ukrainaly kärdeşi Andriý Sybiha bilen hem duşuşdy.
Hakan Fidan bilen ukrainaly kärdeşi Andriý Sybiha özara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.
Hakan Fidan, beýannamasynda Türkiýäniň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda geçiriljek parahatçylyk gepleşikleriniň nobatdaky tapgyryna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň hem gatnaşmagyny umyd edýändigini belledi.
Ukrainanyň atyşygyň wagtlaýyn bes edilmegi baradaky gepleşiklere taýardygyny aýdan Sybiha, söweşiň şu ýyl bes edilmegini isleýändiklerini aýtdy.
Ukrainanyň Daşary işler ministri atyşygyň 30, 50 ýada 100 gün möhlet bilen bes edilmegi üçin gepleşik geçirmäge taýardyklaryny belledi.
Hepdäniň başynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwanyň Türkiýede parahatçylyk gepleşikleriniň ikinji tapgyrynyň geçirilmegine taýardygyny we ylalaşyk memorandumynyň taýarlanandygyny mälim edipdi. Ukraina bolsa memorandumyň heniz özlerine nusgasynyň berilmändigini nygtaýar.
Russiýa bilen Ukraina maý aýynyň 16-da üç ýyl soň Stambul şäherinde ilkinji göni gepleşiklerini geçiripdi.
Taraplar gepleşiklerde 1000 ýesiriň çalşylmagy boýunça ylalaşyk gazanypdy.