SYÝASAT
1 minut okamak
Kim Çen Yn Ukrainada Russiýa kömek edenligi üçin harby jenaýat aýyplamalaryna sezewar edilip bilner
Halkara Jenaýat kazyýetiniň öňki başlygy, Kim Çen Ynyň Ukrainada Russiýa kömek edenligi üçin harby jenaýat aýyplamalaryna sezewar edilip bilnjekdigini belledi
Kim Çen Yn Ukrainada Russiýa kömek edenligi üçin harby jenaýat aýyplamalaryna sezewar edilip bilner
tokea masaa 14

Halkara Jenaýat kazyýetiniň ozalky başlygy Son San Hýon Demirgazyk Koreýanyň Russiýa harby taýdan goldawynyň Ukrainanyň Demirgazyk Koreýany şikaýat etmek üçin hukuk esasyny üpjün edýändigini habar berdi.

Halkara Jenaýat kazyýetiniň ozalky başlygy Son San Hýon tarapyndan berlen beýanata görä, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn Russiýanyň Ukraina bilen urşuna harby taýdan goldaw bermegi sebäpli Gaagada ýerleşýän Halkara Jenaýat kazyýetinde harby jenaýat boýunça kazyýet işiniň gozgalmagyna sezewar bolup biler.

Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Son San Hýon beýanatyny Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde geçirlen maslahatda berdi. Demirgazyk Koreýa geçen aý Ukraina urşunda Russiýa goldaw bermek maksady bilen esger ugradandygyny tassyklapdy.

Hem Phenýan hem-de Moskwa Demirgazyk Koreýaly esgerleriň Ukraina garşy uruşda Russiýa kömek berendigini tassyklapdylar.

Son, Kim Çen Ynyň Demirgazyk Koreýadaky hukuk düzgün bozmalary sebäpli Halkara Jenaýat kazyýetinde kazyýet işiniň gozgalyp bilinmändigini, emma Ukrainanyň indi Kim Çen Yna garşy kazyýet ini gozgamagy üçin hukuk esaslarynyň bardygyny belledi.

Son: “Kim Çen Yny Halkara Jenaýat kazyýetine alyp gitmegiň wagty geldi” diýip belläp, Phenýanyň Russiýa harby goldawynyň Ukrainanyň Demirgazyk Koreýany şikaýat etmek üçin hukuk esasynyň bardygyny habar berdi.

Son: “Ukraina tarapyndan ediljek şikaýat gowy bolardy, Halkara Jenaýat kazyýetiniň garaşsyz derňew başlatmak ygtyýary bar” diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us