Russiýa, Baltika deňzinde Baltika we Demirgazyk flotlarynyň gatnaşmagynda, awiasiýanyň hem goldaw bermeginde deňiz türgenleşiklerini geçirýändigini habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanatda, Harby-deňiz güýçlerini şertli duşman deňiz flotuna hüjüm guramak tälimini geçirmek türgenleşiginiň ýerine ýetirilýändigi, emma harby türgenleşigiň başlanýan we tamamlanýan senesi barada anyk maglumat berilmändigi habar berildi.
Demirgazyk flotuna degişli we “Zirkon” gipersonik ganatly raketalaryny göterýän Admiral Kasatonow fregat gämisiniň Baltika flotuna degişli gämiler bilen hyzmatdaşlykda elektron görnüşde ot açandygy mälim edildi.
Ministrligiň habaryna görä, "terrorçylyga garşy toparlar terrorçylar tarapyndan ele salnan gämileri barlamak we halas etmek boýunça tälim geçirendigi” aýan edildi.