Ysraýylyň goşunynyň radiosynyň habaryna görä ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen göni aragatnaşygy kesmek barada karara geldi.
Ysraýylyň goşun radiosynyň habarçysy Ýanir Kozin X hasabyndan beren beýanatynda, Trampyň bu kararynyň ýakyn kärdeşleriniň Ysraýylyň Strategik meseleler ministri Ron Dermere prezidentiň Netanýahunyň özüni manipulýasiýa edýändigine ynanýandygyny aýdanyndan soň, bu karary kabul edendigini aýtdy.
Ysraýylyň resmisi, Dermeriň Trampyň näme etmelidigi babatynda respublikan partiýasynyň ýokary derejeli adamlary bilen geçirilen söhbetdeşligindäki bolşunyň tekepbir we peýdasyz bolandygyny aýtdy.
Resminiň aýtmagyna görä, Tramp töweregindäkiler oňa "Netanýahunyň özüni manipulýasiýa edýändigini" aýdypdyr.
Resmi: “"Trampyň samsyk ýa-da aldanan hökmünde görkezilmeginden başga ýigrenýän zady ýok. Şol sebäpli Netanýahu bilen gatnaşyklaryny kesmek barada karara geldi" diýdi.
Kozin, Ysraýyl hökümetiniň Eýran we Yemendäki Husiler bilen baglanyşykly anyk meýilnama we möhleti bermezligini ABŞ-Ysraýyl gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagynyň bir gözbaşy hökmünde görkezdi.
Goşun radiosynyň habarçysy Netanýahunyň hökümetiniň Gaza bilen baglanyşykly anyk teklipleri berip bilmeýändigini aýtdy.