Başar Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Stambulda halkara Sabiha Gökçen howa menzilinden Siriýanyň paýtagty Damaska ilkinji uçar sapary guraldy.
AŽetden berlen beýannama görä, Ýakyn Gündogaryň esasy merkezlerinden biri bolan Damaska Sabiha Gökçen howa menzilinden uçar saparlary başlady.
AŽet şeýlelikde 13 ýyl soň Stambuldan Sabiha Gökçen howa menzilinden Damaska uçar saparyny guran ilkinji howa ýoly boldy.
Iki sagat dowam eden uçuşdan soň ýolagçylar Halkara Damask howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.
AŽetiň Baş müdüri Kerem Sarp, Damaskdaky garşylama dabarasynda eden çykyşynda, 13 ýyl soň Türkiýeden Damaska ilkinji uçar saparyny guran howa ýoly firmasy bolandyklary üçin buýsanýandyklaryny aýtdy.
Sarp, “Şu gün Stambuldan Damaska ilkinji uçar saparymyzy guradyk. 4-nji iýulda anna güni hem Ankaradan Damaska ilkinji uçar saparymyzy gurarys” diýdi.
AŽetiň Baş müdüri Kerem Sarp, şeýlelikde AŽetiň birnäçe ýyl soň Ankaradan Damaska gönüden uçar saparyny guran ilkinji howa ýoly fyrmasy boljakdygyny hem sözleriniň üstüne goşdy.
Sarp “AŽet hökmünde her gün Stambuldan Damaska, hepde-de 3 gün bolsa Ankaradan Damaska uçar saparyny gurarys” diýip belledi.
Siriýadaky täze döwür bilen birlikde sebitiň durnuklylygy we parahatçylygy üçin uly tagalla edilýändigini nygtan Sarp, Ýakyn Gündogaryň gadymy şäherlerinden biri bolan Damaska göni uçuşlaryň başlamagynyň Siriýadanyň gaýtadan dikeldiş etabyna, söwda gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berjekdigini nygtady.
AŽetiň 34 ýurtda 59 nokada uçar saparlaryny guraýandygyny aýdan Sarp, Damaska uçuşlaryň başlamagy bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Orta Aziýa we Demirgazyk Kawkaz boýunça ösüş maksatlaryny dowam etdirmekde ygrarly bolandyklaryny sözleriniň üstüne goşdy.