ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina bilen hemişelik parahatçylyk ylalaşygyna açykdygyny beýan etdi. Ýörite wekil bu beýanaty üç ýyldan gowrak dowam eden urşy bes etmek üçin geçirilen gepleşiklerden soň berdi.
Anna güni ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff Sankt-Peterburg şäherinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirdi. Witkoff-Putin duşuşygy Respublikan lideriň ýanwar aýynda Ak Tama ýaňadandan gaýdyp barmagyndan bäri 3-nji gezek boldy.
Stiw Witkoff duşenbe güni Fox News kanalynda berilen reportažynda, parahatçylyk ylalaşygynyň häzirki wagtda “şekillenýändigini” we Putiniň iki möhüm maslahatçysy bolan Ýuriý Uşakow we Kirill Dmitriýew bilen “täsirli maslahat” geçirendiklerini habar berdi.
Stiw Witkoff: “Putiniň islegi bu ýerde hemişelik parahatçylygy ýola goýmak. Şonuň üçin ýaraşygy ýola goýmakdan başga-da, biz bu meselede gepleşik geçirdik. Bu sepgide ýetmek üçin wagt gerek boldy" diýdi.
Witkoff: “Men dünýä üçin örän möhüm bir zadyň bosagasyndadygymyza ynanýaryn” diýip belläp, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda ylalaşyklarynyň hem gepleşikleriň bir bölegini emele getirýändigini beýan etdi.
Stiw Witkoff : “Russiýa-ABŞ gatnaşyklaryny, sebite sözüň doly manysynda durnuklylyga getirjegini pikir edýän, örän täsirli söwda mümkinçilikleriň üsti bilen ýaňadandan şekillendirmek üçin mümkinçiligimiziň boljakdygyna ynanýaryn” diýip nygtady.
Tramp Moskwany we Kiýewi ýaraşyk baglaşmak üçin tagalla edýär, emma ABŞ-nyň Prezidenti Russiýa bilen amerikaly resmileriň arasynda yzly-yzyna geçirilýän gepleşikler boýunça uly öňe gidişlikler edip bilmedi.
Geçen aý Putin ABŞ bilen Ukrainanyň bilelikdäki çaknyşygy doly we şertsiz togtatmak teklibini ret etdi. Kreml Gara deňizde çaknyşygy bes etmek meselesini Günbataryň käbir sanksiýalary ýatyrmagy bilen şertlendirdi.