Ýerli saglygy goraýyş işgärleri, çarşenbe güni Gazanyň demirgazygynda öýlerinden jyda düşen maşgalalaryň bolýan mekdebine Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde 13 palestinalynyň öldürlendigini mälim etdi. Ysraýyl şol bir wagtda Gazanyň günortasynda ýerleşýän Rafah şäherine guraýan hüjümlerini dowam etdirdi.
Saglygy goraýyş işgärleri, hüjümlerde Gaza Sektorynyň Tuffah etrapçasyndaky mekdebiň nyşana alynandygyny mälim etdi.
Palestinanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hüjümde ýerli žurnalist Nour Abdunyň hem öldürlendigini habar berdi.
Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan mesele hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.
Ysraýylly esger, mekdebiň içinde terrorçylaryň bolýan merkeziniň nyşana alynandygyny aýtdy.
Hamasyň Kassam atly harby topary, çarşenbe güni esgerleriniň Han Ýunusyň gündogarynda Ysraýyla degişli sowutly güýçleri nyşana alandygyny we ozal goýlan minalary ýarandygyny mälim etdi.
Müsür serhedine ýakyn Rafah sebitiniň ýaşaýjylary Ysraýylyň öýlerini we binalary ýykmaga wa ýarmaga dowam edýändigini aýtdy.
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu duşenbe güni howpsuzlyk kabinetiniň Gazany dolulygyna ele geçirmegi we ynsanperwer kömeginiň gözegçilik astyna alynmagy baradaky meýilnamany tassyklamagyndan soň Gaza guralýan hüjümleriň göwrüminiň giňeldiljekdigini mälim edipdi.
Ysraýylyň görkezijilerine görä söweş 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Hamasyň 1200 adamy öldürmegi we 251 adamy zamun almagy bilen başlady.
Ysraýylyň şol günden bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 52 müňden gowrak palestinaly ýogaldy, Gazanyň esasy bölegi harabalyga öwrüldi.