Hytaýyň gümrük dolandyryş edarasy tarapyndan berlen beýannama görä, ýapon deňiz önümlerine goýlan gadagançylyk bölekleýin bes edildi.
Mesele hakynda ýekşenbe güni berlen beýannamada, geçirlen halkara we garaşsyz barlaglaryň netijesinde hiç hili adaty bolmadyk ýagdaýyň ýüze çykmandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi bellenildi.
Hytaý tarapyndan Tokýo we Fukuşima ýaly Ýaponiýada 10 sebitden gelen deňiz önümlerine goýlan gadagançylyk bolsa dowam edýär.
Bu umumy gadagançylyk Tokýo elektrik energiýasy firmasynyň 2023-nji ýylyň awgust aýynda Fukuşima Daýiçi ýadro elektrik bekedinden arassalanan radioaktiw galyndyny Ýuwaş ummanyna akdyrmagy sebäpli girizilipdi.
Gadagançylygyň bölekleýin ýatyrylmagy baradaky karar, ýapon hökümetiniň Hytaýa eksport edýän önümleriniň howpsuzlygyny we hilini üpjün etjekdigini wada bermeginden soň kabul edildi.
Eksportçylar, Hytaýa eksport etjek önümleri üçin Ýapon hökümetinden radioaktiw maddalar boýunça barlag kepilnamasyny almaly bolar.
“Ze Žapan Taýmesiň” berýän habaryna görä, Ýaponiýa 10 sebite goýlan gadagançylygyň ýatyrylmagy üçin Hytaýa basyş etmäge dowam etjekdigini habar berdi.