Hytaý sişenbe güni ABŞ-dan import edilýän esasy oba hojalyk önümlerine, şol sanda towuk, doňuz eti, soýa we sygyr etine goşmaça 15 göterime çenli salgyt girizjekdigini yglan etdi.
Hytaýyň Söwda ministrligi tarapyndan yglan edilen bu salgytlar 10-njy martda güýje girer. Bu çäreler ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaýdan import edilýän önümlere 20 göterim salgyt girizmek baradaky kararyna jogap hökmünde kabul edildi.
Şol salgytlar sişenbe güni güýje girdi.
ABŞ-da ýetişdirlen towuk, bugdaý, mekgejöwen we pagta önümlerine goşmaça 15 göterim salgyt giriziler. Sorgo, soýa fasoly, doňuz eti, sygyr eti, deňiz önümleri, miwe, gök önümler we süýt önümleri üçin salgyt 10 göterim ýokarlandyrylar.
Şeýle hem sişenbe güni Hytaý ABŞ-nyň 15 kärhanasyny ygtybarsyz guramalaryň sanawyna goşdy. Bu çäre, şol kärhanalaryň Hytaý bilen baglanşykly import ýa-da eksport işlerini amala aşyrmagy we ýurtda täze maýa goýumlary etmegi gadagan edip biler.
Hytaýyň Söwda ministrligi: “Hytaý milli howpsuzlygyna we bähbitlerine howp salýan ABŞ-nyň 15 kärhanasyny eksport gözegçilik sanawyna goşmak kararyna geldi, olara goşa maksatly önümleri eksport etmegi gadagan edýär” diýip belledi.
Hytaý ýanwar aýynda ABŞ-nyň hökümetiniň ýarymgeçiriji pudagyna berýän subsidiýalaryny derňemek kararyna gelendigini we bu çäreleriň Hytaýyň çip öndürijilerine zyýan ýetirýändigini öňe sürdi.
Taýwanyň ABŞ-a 100 milliard dollarlyk çip maýa goýumy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Taýwanyň çip öndüriji ägirdi TSMC-niň ABŞ-da “soňky tehnologiýa” önümçilik desgalaryny gurmak üçin iň azyndan 100 milliard dollar maýa goýjakdygyny habar berdi, bu bolsa, onuň wezipesine gaýdyp gelmeginden soň, hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrlan iň uly maliýe borçnamalarynyň biri boldy.
Tramp Ak Tamda geçirlen çarede TSMC-niň baş ýerine ýetiriji direktory C.C. Wei bilen bilelikde çykyş edip, Taýwanyň Ýarym geçiriji önümçilik kärhanasynyň täze maýa goýumy ozalky borçnamalarynyň üstüne goşular we “öňdebaryjy bäş önümçilik desgasy” gurmaga gönükdiriler diýip mälim etdi.
Tramp bu serişdeleriň köpüsiniň TSMC-niň eýýäm köp maýa goýum eden Arizonada ulanyljakdygyny we bu ýerde “müňlerçe” ýokary aýlykly iş orunlarynyň dörediljekdigini belledi.
TSMC uzak wagt bäri önümçiliginiň köp bölegini Taýwanyň daşyna göçürmek talaplary bilen ýüzbe-ýüzdir, sebäbi Pekin bilen ýüze çykyp biljek islendik çaknyşygyň tehnologiýa üpjünçiligine päsgel berip bilmegine alada bildirýär.
Kärhana ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet döwründe Arizonada üç zawod gurmak üçin 65 milliard dollardan gowrak maýa goýmak borçnamasyny beripdi, olaryň biri 2024-nji ýylyň ahyrynda önümçilige başlady.
Tramp ýakyn wagtda TSMC we beýleki çip öndürijilere basyşy güýçlendirip, ABŞ-dan daşarda öndürilen ähli ýarymgeçiriji çiplere 25 göterim salgyt girizmek meselesini gozgapdy.