Los-Anželesiň şäher häkimi Karen Bass, ICE reýdlerine garşy birnäçe günden bäri dowam edýän protestleriň howpsuzlyk güýçleri bilen prorestçylaryň arasynda çaknyşyklara, wandalizme we talaňçylyklara sebäp bolmagyndan soň şäheriň merkezinde köçä çykmagy gadagan etdi.
Köçä çykmak gadagançylygy ýerli wagt bilen sagat 20-de başlar we irden sagat 06.00-a çenli dowam eder.
Gadagançylyk şäher merkezindäki bir inedördül kilometrlik meýdany öz içine alýar.
Los-Anželesiň şäher merkezinde käbir etrapçalarda anna gijesinden bäri gündizlerine we agşamara geçirlen protestler sişenbe gününe çenli dowam etdi.
Şäher häkimi Bass, protestçylaryň şäher merkezindäki käbir binalara zeper ýetirendigini aýtdy.
Kaliforniýanyň syýasy liderleri, Trampyň adminstrasiýasyna bosgunlara edilýän basyşyň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.
Trampyň adminstrasiýasynyň bosgunlar baradaky syýasaty protest ýörişleriniň geçirilmegine sebäp bolýar.
Ştatyň gubernatory Gawin Newsomyň görkezen garşylygyna garamazdan Prezident Trampyň sebite esger ugratmak baradaky karary dartgynlygyň has-da möwjemegine sebäp boldy.
Los-Anželesde ozal 2020-njy ýylda Jorj Floýdyň öldürilmeginden soň ýurduň çar tarapynda geçirlen protest ýörişleri sebäpli belli bir sagatdan soň köçä çykmak gadagan edilipdi.