DÜNÝÄ
2 minut okamak
“Stargate” 500 milliard dollarlyk emeli aň özgertme taslamasy üçin ugruny Beýik Britaniýa öwürdi
Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Keir Starmeriň ýurdunyň emeli aň mümkinçilikleirni artdyrmak bilen bagly strategiýasy, merkezi ABŞ-da ýerleşýän Stargate taslamasynyň ünsüni özüne çekdi.
“Stargate” 500 milliard dollarlyk emeli aň özgertme taslamasy üçin ugruny Beýik Britaniýa öwürdi
Emeli aň
17 avril 2025

Financial Times tarapyndan penşenbe güni çap edilen habara görä, SoftBank, OpenAI we Oracle tarapyndan maliýeleşdirilýän 500 milliard dollarlyk merkezi ABŞ-da ýerleşýän maglumatlar merkezi Stargate, emeli aň infrastrukturasyny daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak maksady bilen potansial ugurlary gözden geçiren mahaly Beýik Britaniýa maýa goýmak ähtimallygynyň üstünde durýar.  

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Keir Starmer ýurdy emeli aň taýdan “ägirt uly güýç” etmek maksadyna laýyklykda kadalaşdyrmak meselesinde döwrebap ýagdaýda çemeleşjekdigini, döwlete degişli maglumatlary derňeýän barlagçylaryň ulanylmagyna açjakdyklaryny we maglumatlar merkezlerine ýörite zolaklaryň bölünip aýryljakdygyny beýan etdi.

Gazet bu mesele bilen degişli çeşmelere salgylanyp, tagallalaryň maglumatlar merkezleriniň elektrik toguna elýeterliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini we bu taslamanyň Germaniýa bilen Fransiýany hem özüne çekiji dalaşgär hasaplaýandygyny aýtdy.

OpenAI, Oracle we SoftBank Roýteriň teswirine entek jogap bermedi.

Ýewropa bilen Hyzmatdaşlyk meýilnamasy

OpenAI-iň baş direktory Sam Altman fewral aýynda Stargate meňzeş emeli aň programmasyny Ýewropa getirmek isleýändiklerini belläp, “Stargate Ýewropa” pikirine açykdyklaryny aýtdy. Soňky ýyllarda OpenAI London,  Pariždäki, Brýusseldäki we Mýunhende ofisleri bilen Ýewropa yklymynda barlygyny giňeltdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump “Stargate” taslamasyny ýanwar aýynda hususy pudagyň maýa goýumy hökmünde yglan etdi we bu inisiatiwanyň emeli aň infrastrukturasyny maliýeleşdirmegi we ABŞ-ny garşydaş ýurtlardan öňe geçmegi maksat edinýändigini belledi.

Söhbetdeş robotlaryň köpelmegi we ösen emeli aň serişdeleriniň döremegi soňky ýyllarda emeli aň pudagyna maýa goýujylaryň gyzyklanmasynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us