Amerikan demokratiýasynyň synagy 2024-nji ýyldaky prezident saýlawynyň netijesinden garaşsyz seljerilende-de howp astynda. Bökdençlikler bu saýlawyň ýa-da üstün çykjak dalaşgärden has aňyry geçýar.
ABŞ-nyň Konstitutsiýasynyň ilkinji iki sözi “biz halk”.
Amerikan konstitutsion esaslandyryjylary 1787-nji ýylda resminamany ilkinji gezek taslama görnüşine getirende, uly umytlary wada berýärdi. Taslama taýýarlananda dünýädäki başga ýurtlarda demokratiýa ýokdy.
Şalyklar, monarhiýalar ýa-da halkyň degişli bolmadyk dolanşyklary hökmürowandy. Amerikaly taryhçy Jeým MkGregor Bornsiň aýdyşy ýaly Amerika synagy, halk dolanşygynyň synagydy.
Aýdylşyna Benjamin Franklin Filadelfiýadaky Konstitutsiýa zalyndan çykyp barýarka özüne esaslandyryjylaryň nähili ýurt döredendigi soralanda; “Eger-de gorap bilseňiz respublika” diýip jogap beripdir.
Emma şol bir wagtda-da Amerikanyň belli esaslandyryjylaryndan Jon Jeý; “Ýurdy, ýurda eýe bolanlar dolandyrmaly” diýipdi.
Fraklin we Jeý Amerikan demokratiýasynyň ikiligili iňňän gowy beýan edýär.
Halk näme diýmegi aňladýar?
Konstitutsiýadaky “Biz halk” sözi inklýuziw däldi. Çarçuwany kesgitlänler; hojaýynlar, täjirler we ýer eýeleridi. Halka wekilçilik etmeýärdiler. Taýýarlan resminamalary gulçulyga rugsat berýärdi we gullary “bäşden üç adam” hökmünde kabul edýärdi.
Zenanlar az hukukly ikinji derejeli raýatlardy. Ses berme hukuklary ýokdy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentini Saýlaw geňeşi saýlaýardy.
Emma Ýokary Kazyýetiň ozalky kazysy Turgud Marşallyň diýşi ýaly kemçilikli demokratiýa wagtyň geçmegi bilen ösdi. “Biz halk” diýilýän wadanyň geriminiň giňelmegi üçin konstitutsiýa 27 gezek üýtgetme girizmek, bir gezek içerki urşuň turmagy we bir sany asuda ilat hereketi gerek boldy. Emma ýene-de doly bolmady.
Halkara ylalaşygynyň dargamagy
Amerikan demokratiýasynda haýran galara köp zat bar. Ençeme adam üçin ägirt uly abadançylyk we şahsy azatlyk döredýär hem-de alternatiwleriň bardygyny bilmeklik duýgusy dünýäniň çar tarapyndan immigrantlary özüne çekýär.
ABŞ, dünýädäki demokratiýanyň maýagydyr. Sowuk uruşyň dowamynda we biziň günlerimize çenli azatlygyň lideri hem-de kanunçylyga esaslanýan halkara ulgamyň hemaýatkäri boldy.
1989-njy ýylda Berlin diwarynyň ýykylmagy we 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan son ABŞ wagtlaýynça hem bolsa dik duran ýeke-täk super güýje öwrüldi. Emma indi 30 ýyldan soň dünýäde uly özgerlişikler boldy.
ABŞ indi ozalkysy ýaly dominant güýç däl, hat-da käbirleri onuň ejizländigini ýa-da agyr kynçylyklary başdan geçirýändigini pikir edýär.
Şol sebäpli kimilerine görä halkara şertler Amerikan demokratiýasyna äsgermezlik edýär; Sowuk urşuň gutarmagyndan soň ABŞ-ny onlarça ýyl jebisleşdiren syýasy düşünje bileleşigi dargady.
Gelejegiň synagy
Käbirleri üçin Amerikan demokratiýasynyň kemçilikleri şahsy; demokratiýanyň gelejegi şu ýyl ozalky prezidenti Donald Trampyň ýa-da Wise-prezident Kamala Harrisiň saýlanmagyna baglylykda näbelli bolmagynda galýar. Emma ýagdaý dalaşgärleriň şahsyýetleri bilen bagly däl. Amerikan demokratiýasynyň kynçylyklary diýseň uly we şahslardan has aňyrdan gelýär.
Amerikan taryhy ses bermek hukugynyň tapgyrlaýyn häsýetde giňelmeginiň hekaýaty bolsa-da, şol bir wagtda şahslaryň ses berme hukuklaryny ellerinden almaga çalyşýan garşy meýili hem özünde jemleýär.
Demokratiýanyň görkezijisi bolan ähliumumy ses berme hukugy, ABŞ-da giňden ykrar edilmeýär we kimiň ses bermelidigi meselesinde partiýanyň içinde uly garaýyş tapawutlylygy bar.
Dünýäde konstitutsion ses berme hukugyň bolmadyk we halkyň prezidenti gönüden saýlama hukugyna eýe bolmadyk ýeke-täk demokratik ýurdy ABŞ-dyr.
Hususy pul, ABŞ-nyň syýasy tapgyryny bökdeýär. Sowalnamalaryň birnäçe mowzukda garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny görkezişi ýaly syýasy taýdan bloklaşan dünýäde ýaşaýarys.
Häzirki zaman Amerika taryhynda görülip eşidilmedik derejede baý-garyp arasyndaky baýlyk-girdeji tapawutlylygyndan ejir çekýär. Şol bir wagtda-da milletparazlyk hem bar.
Köpelme hukuklary boýunça göreş, jemgyýetdäki aýal-erkek tapawutlylygyny alamatlandyrýar.
Aýry we deň bolmadyk iki dünýäde ýaşaýarys. Abraham Linkolniň bir wagtlar aýdyşy ýaly; “Öz içinde bölünen öý dargar.”
ABŞ 18-nji asyrda paýtun zamanasynda ýazylan, dünýäniň iň gadymy konstitutsiýasyna eýe we ony 21-nji asyryň kompýuter we emeli aň dünýäsine utgaşdyrmaga çalyşýar.
Bu kontitutsiýa ABŞ-nyň başdan geçirýän meselelerini seljermek üçin ýeterlik bolman biler. ABŞ büdredigi saýyn dünýä derejesinde demkratiýa hem büdreýär.
“Fridom Haus” atly jemgyýetçilik guramasy 1970-nji ýyllardan 2000-nji ýyllara çenli demokratiýanyň ýaýbaňlanmagyndan soň Amerikan tejribesiniň in global yzagaýdyşy başdan geçirýändigini beýan edýär. Demokratiýa global tejribäniň bir bölegini emele getirýär. ABŞ-da üstünliksiz bolsa, global derejede-de üstünliksiz bolar.
ABŞ-ny çykgynsyzlyga sezewar edýän meseleleri çözmek ýeňil däl. 2024-nji ýyldaky saýlawlaryn netijeleriniň onuň hötdesinden gelip-gelmejekdigi bolsa heniz näbelli bolmagynda galýar.