DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa bilen Ukraina 25 ýaşyndan kiçi harby ýesir çalşygynyň birinji tapgyryny tamamlady
Russiýanyň Goranmak ministrigi 25 ýaşyndan kiçi ilkinji rus harby toparynyň Ukrainadan yzyna gaýdandygyny we Ukrainanyň ýaragly güýçlerinden ýesir alynan şol sandaky esgerleriň hem Kiýewe yzyna ugradylandygyny habar berdi.
Russiýa bilen Ukraina 25 ýaşyndan kiçi harby ýesir çalşygynyň birinji tapgyryny tamamlady
21 hours ago

Türkiýede Stambul şäherinde geçirlen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyga laýyklykda Russiýa bilen Ukraina 25 ýaşyndan kiçi ýesir çalşygynyň birinji tapgyryny tamamlady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi duşenbe güni beren beýannamasynda, Stambulda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirlen gepleşiklere laýlykda 25 ýaşyndan kiçi ilkinji rus harby toparynyň Ukrainadan yzyna getirlendigini habar berdi.

Beýannamada, Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli şol sandaky harby toparyň hem Kiýewe yzyna ugradylandygy nygtaldy.

Beýannamada rus esgerleriniň häzirki wagtda Belarusda bejergi alýandygy ýatladyldy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi, rus esgerleriň bejergi üçin Russiýa getiriljekdigini mälim etdi. Beýannamada, çalşylan ýesirleriň sany hakynda maglumat berilmedi.

Zelenskiýiň beýannamasy

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda, Stambulda gazanylan ylalaşygyň çäginde Russiýa bilen ýesir çalşygynyň amala aşyrlandygyny mälim etdi.

Ýesir çalşygynyň çäginde ukrainaly esgerleriň öýlerine getirlendigini nygtan Zelenskiý, “Ýesir çalşygy şu gün başlady we birnäçe tapgyrda dowam eder” diýdi.

Ady agzalýan ýesir çalşygynyň diýseň ynjyk döwürde amala aşyrlandygyny we bu mesele boýunça her gün gepleşikleriň geçirlendigini nygtan Zelenskiý, “Birinji tapgyrda ýaralananlar we 25 ýaşyndan kiçi esgerler boşadyldy” diýdi.

Zelenskiý, Ukrainaly ähli ýesirleriň öýlerine getirilmelidigini nygtady.

2-nji iýunda Türkiýäniň ýer eýeçiliginde Stambul şäherinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirlen gepleşiklerde ukrainaly 6 müň esgeriň doňan jesetleriniň yzyna berilmegi we 25 ýaşyndan kiçi ýesirleriň boşadylmagy boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us