SYÝASAT
2 minut okamak
Katar Iordaniýanyň Üsti Bilen Siriýa Tebigy Gaz Ugradar
Kataryň Ösüş Gaznasy tarapyndan goldanýan taslama 400 megawat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýär
Katar Iordaniýanyň Üsti Bilen Siriýa Tebigy Gaz Ugradar
Elektrik togy-tebigy gaz / AFP
14 de marzo de 2025

Katar Iordaniýa üsti bilen Siriýa tebigy gaz ibermek boýunça täze inisiatiwa başlatandygyny yglan etdi. Bu başlangyç Siriýanyň dowam edýän energiýa ýetmezçiligini ýeňilleşdirmäge gönükdirilen kömek hökmünde kabul edilýär.

Kataryň Damaskdaky wagtlaýyn wekili Halife Abdullah Al-Şerif, penşenbe güni eden çykyşynda bu başlangyjyň ilkinji tapgyrda 400 megawat elektrik energiýasyny öndürmek bilen başlajakdygyny we Kataryň Ösüş Gaznasy tarapyndan tapgyrlaýyn giňeldiljekdigini mälim etdi.

Günlük 2 Million M3 Tebigy Gaz Goldawy

Siriýanyň Elektrik Ministri Omer Şakruk, bu gaz kömeginiň ýurduň energiýa üpjünçiligini gowulandyrjakdygyny aýdyp, şeýle belledi:

"Bu kömek arkaly gündelik 2 million m3 tebigy gaz üpjün ediler. Bu bolsa goşmaça 400 megawat elektrik öndürmäge mümkinçilik döreder. Netijede, elektrik üpjünçiligi gowulaşar we günlük elektrik togunyň berilişi 2–4 sagat aralygynda artar."

Şakruk, bu taslamanyň ilatyň gündelik durmuşyna oňaýly täsir edip, ýurduň ykdysadyýetine we esasy pudaklaryna goldaw berjekdigini hem nygtady.

Gaýtadan Dikeldiş Tagallalary

Al-Ansari “Al Jazira” teleýaýlymyna beren beýanatynda Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamad Al-Saniniň Siriýanyň halkyna goldaw bermek boýunça açyk görkezmeler berendigini mälim etdi:

"Kataryň maksady Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegine ýardam bermek we ýurduň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdyr."

Şeýle hem ol, Kataryň 2011-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Siriýanyň halkyna goldaw berendigini we häzirki wagtda-da gaýtadan dikeldiş tagallalaryna goldaw berýändigini belledi.

Al-Ansari Kataryň halkara hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ bilen Siriýa üçin utgaşykly iş alyp barýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:"Halkara hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýäris. Siriýanyň halkyny goldamak üçin hyzmatdaşlarymyz bilen her gün yzygiderli gepleşikler geçirýäris."

Siriýa, Beşar Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň çuňlaşýan energiýa krizisi bilen ýüzbe-ýüz. Ýurduň täze ýolbaşçylary bu krizisi ýeňilleşdirmek üçin dürli çäreleri amala aşyrmaga synanyşýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us