Resmileriň biriniň ýekşenbe güni beren beýanatyna görä, Nigeriýanyň Benue welaýatynda ýaragly adamlar tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 23 adam ýogaldy, ençeme adam ýaralandy.
Kwande ýerli dolanşyk sebitiniň resmisi Raý Anumwe ýerli gazede beren beýannamasynda, maldarçylyk bilen meşgullanýan Fulani çopanlarynyň sebitdäki obalara hüjümler gurandyklaryny habar berdi.
Anumwe hüjümlerde aralarynda çagalar hem bolan 23 adamyň ýogalandygyny tassyklady. Mundan başgada hüjümlerde ençeme öý ýakyldy we hüjümçiler obalaryň azyk ätiýaçlaryny ogurladylar.
Benue welaýatynda Fulani çopanlary bilen oba hojalyk bilen meşgullanýan daýhanlaryň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär.
Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň resmisi AFP beren beýanatynda şenbe güni gije 4 aýry obada hüjümleriň guralandygyny habar berdi.
Benue welaýatyndaky Gyzl haç edarasynyň sekretary Entoni Abah AFP beren beýanatynda: “Berlen maglumatlara laýyklykda guralan hüjümlerde azyndan 23 adam ýogaldy” diýip belledi.
Abah 8 adamyň Ukumda, 9 adamyň golaýdaky Logoda, Gumada we Kwandede her birinde 3 adamyň öldürilendigini belledi we bu maglumatlary guramanyň şol ýerdäki işgärlerinden alynandygyny beýan etdi. Mundan başgada köp sanda adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.