Sudanyň SUNA habarlar gullugy tarapyndan berlen beýannama görä, Sudanyň täze Premýer-ministri Kamil İdris, ýurduň wagtlaýyn hökümetini dargatdy.
SUNA ýekşenbe güni beren habarynda, Sudanyň harby goşuny bilen HDK güýçleriniň arasyndaky söweşden soň ilkinji gezek täze hökümetiň haçan guruljakdygy hakynda maglumat berilmedi.
Premýer-ministri Kamil İdris, Sudanyň Prezidenti we serkerdebaşy goşun generaly Abdulfettah Al Burhan tarapyndan bellenipdi.
HDK güýçleri bolsa täze ýylyň başyndan bäri hyzmatdaş partiýalar bilen birlikde paralel hökümetiň guruljakdygyny mälim edipdi.
İdris, 2021-nji ýyldaky harby agdarlyşykdan bäri ýurduň ilkinji premýer-ministri hökmünde kasam edip wezipesine başlady.
Premýer-ministri Kamil İdris ýekşenbe güni eden çykyşynda ähli syýasy partiýalara deň derejeli çemeleşjekdigini we Sudanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berjekdigini belledi.
Söweş ýurtda onmüňlerçe adamyň ýogalmagyna we 13 million adamyň öýlerini terk etmegine sebäp boldy.
BMG bu ýagdaýy dünýäniň iň uly ynsanperwer betagtçylyklaryndan biri hökmünde häsiýetlendirýär.