Ukrainanyň Daşary işler ministro Andrii Sybiha Türkiyäniň Prezidenti Erdoganyň parahatçylyk tagallalary babatyndaky ornunyň “örän möhümdigini” belledi.
Ukrainanyň Daşary işler ministro Andrii Sybiha Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, Türkiyäniň Russiýa-Ukraina urşunda sebitleýin durnuklylygy goramak we adalatly, hemişelik bir parahatçylyk üçin gurşaw döretmek bugrundaky rolunyň “örän möhümdigini” belledi.
Andrii Sybiha: Antalýa Diplomatiýa forumynda: “Türkiyäniň we aýratyn-da Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň parahatçylyk tagallalaryndaky roly örän möhümdir. Biz oňa ýokary baha berýäris we dowam etmegini umyt edýäris” diýip nygtady.
Ol Ankaranyň we Kiýewiň arasyndaky, esasanam howpsuzlyk we ykdysady ugurlardaky güýçli hyzmatdaşlygy nygtap: “Türkiye-Ukraina gatnaşyklary iki tarap üçin hem peýdaly hyzmatdaşlykdyr” diýip habar berdi.
Gara deňiz Galla başlangyjynyň üsti bilen Türkiyäniň azyk howpsuzlygyna goşant goşandygyny aýdan Sybiha, şol ylalaşygyň Ukraina üçin oňyn ykdysady täsirleriniň bolandygyny belläp, ýurduň Gara deňiz sebitindäki rolunyň örän möhümdigini aýan etdi.
Türkiyäniň hemişelik parahatçylyga berýän goldawynyň üstünde durup geçen Sybiha: “Adalatly, hemişelik, köptaraplaýyn we baky parahatçylygy maksat edinýäris we Türkiye ýaly hyzmatdaşlaryň goldawyna ynanýarys” diýip habar berdi.
Daşary işler ministri Ukrainanyň uruşyň başlamagyndan bäri basylyp alnan ýerleriň ýarysynyň yzyna alynandygyny, emma 20 göteriminiň henizem basyp alyşlyk astyndadygyny aýtdy.
Sybiha urşuň Ukraina gündelik çykdajysynyň 220 million dollardygyny we milli infrastruktura ýetiren zyýanynyň Bütindünýä Bankynyň maglumatlaryna görä 600 milliard dollara ýetendigini belledi.
Sybiha: “Geljekde uly göwrümli dikeldiş we maýa goýum taslamalary bolar we biz bu taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmagyny görmekden hoşal bolarys” diýdi.
Sybiha uruşa garamazdan, ykdysady ösüşiň üç göterimden bäş göterime çenli artmagyna, durnukly inflýasiýa ünsleri çekdi we Ukrainanyň goranyş önümçilik kuwwatynyň alty esse ýokarlanandygyny aýtdy.