PKK-nyň soňy: Onlarça ýyl  gan döken terror toparynyň dargamagyna näme sebäp boldy?
PKK-nyň soňy: Onlarça ýyl gan döken terror toparynyň dargamagyna näme sebäp boldy?
Türkiýäniň dronlardan diplomatiýa çenli köpugurly strategiýasy PKK-nyň güýjüni ýykdy we onlarça ýyl dowam eden terrory ortadan aýyrdy .
14 mai 2025

Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy hökmünde ykrar edilen PKK, dört onýyllyga golaý dowam eden pajagyla hüjümlerinden soň resmi taýdan dargandygyny we ýaraglaryny taşlaýandygyny yglan etdi.

Duşenbe güni berilen bu beýannama häzirki zaman Türkiýäniň taryhyndaky iň gan döküşikli tapgyryndan birini ýapdy. Bu tapgyr on müňlerçe adamyň ölümegi ejir çeken jemgyýetler we nesiller boýy dowam eden milli howpsuzlyk meseleleri bilen häsiýetlendirilýärdi.

Emma bu karar öz-özünden ýüze çykmady. Ol, diňe bir Türkiýäniň terrora garşy alyp baran yzygiderli göreşiniň däl, eýsem, ýurduň özgerişiniň hem netijesi bolup durýar. Täze harby doktrina, ösen goranyş tehnologiýasy, döwrebap howpsuzlyk utgaşyklygy, diplomatik işjeňlik we az yzagalak sebitlere gönükdirilen maýa goýumlar şol netijäni gazanmakda möhüm rol oýnady.

Egilşiksiz harby gysyş we döwrebap taktikalar

Türkiýäniň PKK bilen göreşindäki üstünlik, harby taýdan düýpli özgerlişlik bilen baglanyşykly. Öňki ýyllarda terrora garşy göreş esasan ýerli goşunlara we çäklendirilen strategiýalara esaslanýardy. Emma Türkiýe 2010-njy ýyllarda öz ýaragly güýçlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga başlady. Türkiýe ýerli goranyş senagatynyň ösmegi netijesinde  öz dronlaryny, döwrebap ýaraglaryny, gözegçilik ulgamlaryny we howpsuz aragatnaşyk tehnologiýalaryny öndürmäge başlady.

2020-nji ýyllaryň başynda Türkiýäniň öndürýän dronlary, aýratyn-da “Anka”, “Bayraktar TB2” we ýokary ukyply “Akynjy” PKK-nyň Türkiýäniň we Yragyň serhet ýakalaryndaky daglyk sebitlerde ýerleşýän pozisiýalaryny anyklamak we olary ýok etmek üçin yzygiderli ulanyldy. Şeýle hem, gündogar daglyk sebitlerde hemişelik harby nokatlaryň döredilmegi we uzak aralyklara zarba urma ukyby bilen PKK-nyň adaty gözegçilik sebitleri elýeterli bolmady.

Emma diňe ýarag güýji ýeterlik däldi. Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk Guramasy maglumat göreşini alyp barma ukybyny düýpli ösdürdi. Aňtaw we harby güýçleriň real wagtlaýyn utgaşdyrylyşy bilen PKK-nyň ýolbaşçy we logistika ulgamlary dargadyldy. Ýokary derejeli operatiw işgärler sistematiki ýagdaýda ýok edildi ýa-da ele salyndy.

Strategiki halkara izolýasiýa

Türkiýe halkara diplomatiýa giňişliginde hem terrora garşy göreşini giňeltdi. Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna yzygiderli gysyş etmek bilen, PKK-nyň daşary ýurtlarda erkin hereket etme, maliýe serişdelerini aklama we syýasy sebäpler bilen pul ýygnama mümkinçilikleri ep-esli azaldy.

Sebitdäki ykdysady ösüş we durmuş taýdan maýa goýumlar hem möhüm rol oýnady. 2010-njy we 2020-nji ýyllarda Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde ösüşiň täze tolkuny başlandy. Köne ýollar täzelenip, awtomobil ýollaryna öwrüldi, uzak obalar saglyk we bilim üpjünçiligine elýeterli boldy. Täze uniwersitetler açylyp, ýaş nesil üçin täze şertler döredildi.

Bu özgerişlikler bilen bilelikde sebitiň ilaty, esasan hem ýaş nesil, gysyş ediji hereketlerden ýüz öwürdi. Gowy bilim, ykdysady mümkinçilikler we raýat işjeňligi netijesinde PKK-nyň ideologiýasy köne we manysyz görünmäge başlady.

Uzak ýyllaryň dowamynda esaslandyrylan strategiki ýeňiş

Sebitdäki giňişleýin üýtgeşmeler hem PKK-nyň strategiki ähmiýetiniň peselmegine sebäp boldy. Siriýadaky we Yrakdaky uruşlaryň gutarmagy bilen, terror toparlarynyň hereket giňişligi daraldy. Türkiýäniň Yragyň merkezi hökümeti we Demirgazyk Kürt Sebitleýin Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy PKK-nyň daglyk sebitlerde ýerleşýän düşelgelerine utgaşykly operasiýalaryň geçirilmegine şert döretdi.

2025-nji ýyla çenli PKK ozalky güýjünden mahrum boldy. Guramanyň ideologiýasy köneldi, täsiri bolsa ýok edilipdi. PKK-nyň dargandygyny yglan etmegi taryhy waka bolsa-da, bu olaryň ýeňlişiniň ykrar edilmegi hökmünde kabul edildi.

Türkiýäniň hökümeti bu waka seresaplylyk bilen çemeleşýär. Prezident Erdogan bu wakany ýurduň agzybirliginiň we erjelliginiň subutnamasy hökmünde häsiýetlendirdi. "Bu diňe bir harby ýeňiş däl, eýsem, halkymyzyň parahat we mertebeli ýaşama isleginiň ýeňşidir" diýip, ol aýtdy.

PKK-nyň dargadylmagy diňe bir terrorizmiň ýeňilmegi däl, eýsem, ýurduň özgerişiniň we ösüşi üçin taryhy ähmiýete eýedir. Türkiýe strategiki güýji, tehnologik ösüşi we jemgyýetçilik tagallasy bilen öz taryhyndaky agyr tapgyry ýapmagyň hötdesinden geldi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us