DÜNÝÄ
1 minut okamak
Wenesuela BMG-nyň Adam hukuklaryna boýunça ýokary komisaryny “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi
Wenesuelanyň hökümeti, Wolker Türkiň ABŞ tarapyndan ýurtdan çykarlan Wenesuelanyň raýatlarynyň hak-hukuklaryny goramandygyny mälim etdi.
Wenesuela BMG-nyň Adam hukuklaryna boýunça ýokary komisaryny “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi
21 hours ago

Wenesuelanyň Milli Mejlisi, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Wolker Türkü “islenmeýän adam” diýip yglan etdi.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisary Wolker Türk, geçen hepde Wenesuelanyň hökümetini “esassyz tussag etmeler” boýunça günäkärläpdi.

 Wenesuelanyň hökümeti bolsa Türküň bu beýannamasyny “hüjüm edijilik” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Wenesuelanyň hökümeti Türküň bu beýannamasyny kabul etmeýändigini we Wolker Türkiň ABŞ tarapyndan ýurtdan çykarlan we Al Salwadora ugradylan raýatlarynyň hukuklaryny goramandygyny, migrant ene-atalardan aýrylan wenesuelaly çagalaryň yzyna berilmegini talap etmändigini mälim etdi.

Wenesuelanyň Milli Mejlisiniň başlygy Rodriges, hökümete Türkiň ýolbaşçylygyndaky BMG-nn Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygy bilen ähli gatnaşyklaryny bes etmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nn Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygy 2019-njy ýyldan bäri Welesuelada iş alyp barýar we onuň taýarlaýan tankydy hasabatlary ýygy-ýygydan uly jedelleşige sebäp bolýar.

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us