DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýranyň Ysraýyla guran uly raketaly hüjümlerinde 8 adam ýogaldy
Tel-Awiwiň golaýynda uly bina degen raketanyň netijesinde onlarça adam dereksiz ýitdi, bilim institutyna zeper ýetdi.
Eýranyň Ysraýyla guran uly raketaly hüjümlerinde 8 adam ýogaldy
11 hours ago

Eýrana degişli raketalar ýekşenbe güni irden Ysraýylyň merkezi we demirgazyk sebitlerinde birnäçe ýere degdi. Ysraýyl metbugatynyň habaryna görä, şol hüjümler netijesinde azyndan 8 adam ýogaldy we 208 adam ýaralandy. Bu waka soňky dartgynlylygyň iň agyr çaknyşyklarynyň biri boldy.

Channel 12 telewideniýe kanaly soňky hüjüm tolkunynda Ysraýylyň merkezi sebitine takmynan 50 raketanyň atylandygyny habar berdi. Raketalaryň Tel-Awiwiň günortasyndaky Bat Yam we Rehowot sebitlerine gaçandygy aýdylýar. Şol ýerlerde 4 adam ýogaldy we 195 adam ýaralandy, olaryň bäşisi agyr ýagdaýda ýaralandy. Şeýle hem, Bat Yamdaky ýaşaýyş jaýyna guralan raketaly hüjümden soň, takmynan 35 adamyň dereksiz ýitendigi habar berildi.

Ysraýylyň jemgyýetçilik telekanaly Kan, Rehowotdaky meşhur ylmy-barlag uniwersiteti bolan Weizmann Ylymlar Institutynyň bu hüjümlerden agyr zyýan çekendigini aýtdy.

Maariw gazetiniň habaryna görä, Ysraýylyň merkezi sebitinde azyndan alty aýry nokada hüjüm guraldy.

Eýranyň raketalarynyň Ysraýylyň demirgazygyndaky Haýfa sebitiniň Tamra we Kraýor ýaşaýyş zolaklaryna degmegi netijesinde 4 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy. Channel 12 telewideniýe kanaly bu sebitlerde birnäçe binanyň we köçäniň "agyr zyýan" çekendigini habar berdi.

Ysraýylyň goşuny Eilat port şäheriniň golaýynda iki uçarmansyz howa ulagynyň ele salnandygyny we Eýrandan tarapyndan tylýan raketalara garşy çäre görülmäge dowam edilýändigini aýtdy. Şeýle hem, Ysraýyl Tährandaky harby nyşanalara garşy jogap hüjümlerini amala aşyrýandygyny tassyklady.

Ýagdaý tiz wagtda üýtgemek bilen birlikde sebitde has giň gerimli konfliktiň ýüze çykmagyndan alada edilýär.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us