TRT World, 2025 Nýý-Ýork festiwallarynyň TW we film baýraklarynda 4 abraýly baýraga mynasyp bolup, halkara žurnalistikada we dokumental film ugurlary boýunça liderligini ýene-de bir gezek görkezdi.
Türkiýäniň döwlet telekanaly žurnalistika, halkara gatnaşyklar we tanyşdyrlyş mazmuny ýaly birnäçe kategoriýada baýrak aldy.
TRT World derňew žurnalistikasy kategoriýasynda Holy Redemption atly dokumental filmi bilen Altyn baýragyň eýesi boldy.
Şol dokumental film Halkara gatnaşyklar kategoriýasynda bolsa kümüş baýragyň eýesi boldy.
Holy Redemption, TRT World toparynyň basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada radikal ýewreý ýaşaýjylarynyň arasyna aralaşyp düşüren gizlin wideo ýazgylaryny öz içine alýar.
Dokumental filmde, Palestina degişli ýerleriň sistematiki ýagdaýda elden alynmagy, adam hukuklarynyň basgylanmagy we sebitdäki asuda ilatyň gündelik durmuşda başdan geçirýän kynçylyklary barada seýrek gabat gelýän maglumatlara ýer berilýär.
Dokumental film şol ýerlerde halkara kanunlaryna äsgermezçilik edilýändigini açyk aýdyň görkezýär.
TRT World-yň 9 ýyllygy mynasibetli surata düşürlen TRT World Anniwersary Promo atly dokumental film hem kümüş baýragyň eýesi boldy.
Bu dokumental film telekanalyň redaksiýasyny we global garaýşyny gürrüň berýär.
Ýemen: The Third Frontier atly dokumental film aktul kategoriýada kümüş baýrak aldy. Dokumental film Ýemende dowam edýän çaknyşyklaryň gumanitar we urşuň az bilinýän taraplaryny açyk aýdyň görkezýär.
Dokumental filmde Husiler tarapyndan ele geçirlen ilkinji gämi bolan Galaxy Leader barada seýrek gabat gelýän maglumatlara we front liniýalarynyň wideolary ýer alýar.
TRT World dokumental filmi arkaly Ýemende gün saýyn çuňlaşýan açlyk krizisine, saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligiň çäklendirilmegine we ynsanper kömeginiň ýetmezçiligine ünsi çekýär.
Bu baýraklar TRT World üçin uly üstünlik bolup, onuň halkara mediada täsiriniň gün saýyn güýçlenýändigini görkezýär.
Şeýle hem telekanalyň ýokary hilli ýaýlymlaryny dowam etdirmek we ýeterlik derejede halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmedik wakalary dünýäniň çar tarapyndaky tomaşaçylaryna ýetirmek baradaky borjuny görkezýär.