DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa iki köpriniň çökmeginiň partlamalar sebäpli bolandygyny aýdýar
Rus resmiler Braýansk we Kursk sebitlerinde bolan partlamalaryň iki köpriniň çökmegine sebäp bolandygyny aýtdylar we wakalary "terrorçylyk hereketleri" diýip häsiýetlendirdiler.
Russiýa iki köpriniň çökmeginiň partlamalar sebäpli bolandygyny aýdýar
1 июн 2025

Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky territoriýasynda düýn gije iki köprüniň partlamalar sebäpli çökendigi we wakada 7 adamyň ýogalandygy habar berildi. Resmiler wakalary “terrorçylykly hereketler” hökmünde häsýetlendirdiler.   

Russiýanyň Ukraina serhediniň golaýyndaky Brýansk sebitinde partlamanyň netijesinde ýol köprüsi demir ýol liniýasynyň üstüne çökdi. Şenbe güni başdan geçirlen wakada Moskwa tarap barýan ýolagçy otlusy relsden çykyp 7 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Resmiler ýekşenbe güni beren beýanatlarynda ýogalan adamlaryň bardygyny tassykladylar.

Gysga wagt ozal goňşy Kursk sebitinde hem demir ýol köprüsi partladylmagy netijesinde çökdi. Wakada ýük otlusy relsden çykdy we maşinist ýaralandy.

Resmiler partlamalaryň arkasynda kimiň bardygyny aýtmadylar, ýöne waka bilen baglanyşykly jenaýat işiniň gozgalandygyny aýan etdiler.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine gijäniň dowamynda wakalar barada maglumat berilendigi habar berildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us