ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň gabaw astyndaky Palestina guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.
Tramp, ABŞ-nyň Gazanyň ele geçirilmegi teklibine goldaw berip bermeýändigi hakynda soraga “Gazanyň halkynyň howpsuz bolmagyny isleýärin” diýip jogap berdi.
Tramp, “Gazanyň halkynyň howpsuz ýagdaýda ýaşaýandygyny görmek isleýärin. Olar jähennemi başdan geçirdiler” diýdi.
Tramp, ABŞ-nyň Gazany gözegçilik astyna almagy pikirini ilkinji gezek fewral aýynda gün tertibine getiripdi. Dünýä ýurtlary Trampyň teklibine garşy çykypdy. Emma Tramp teklibini gün tertibine getirmäge dowam edýär.
Tramp hepdäniň başynda Gazada öňümizdäki hepde ylalaşyk gazanylmagyny umyd edýändigini aýtdy we Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen hem Gaza hem-de Eýran meselesini serljermek üçin Waşingtonda duşuşjakdygyny ýatlatdy.
Penşenbe gini Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 100-den gowrak palestinli öldürildi.
Ysraýylyň Gazadaky genosidi
Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazadaky genosidini dowam etdirýär.
Ysraýylyň hüjümlerinde häzire çenli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 57 müň palestinliniň öldürlendigi nygtaldy.
Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugy ýykylan öýleriň harabalygynda 11 müň palestinliniň galandygyny nygtaýar.
Emma hünärmenler hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň 200 müň adama golaýlandygyny öňe sürýär.
ABŞ esasy ýarany Ysraýyla ýylda 3,8 milliard dollarlyk harby kömek berýär.
ABŞ 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri, Ysraýylyň Gazadaky genosidine we goňşy ýurtlardaky söweşlerine goldaw bermek üçin 22 milliard dollardan gowrak serişde berdi.