Kreml, Russiýanyň Prezidenti Wladimit Putin Moskwada saparda bolýan Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etjekdigini mälim etdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, şu gün paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Jenap Prezident şu gün Moskwada saparda bolýan Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul eder” diýdi.
Peskow, Putin bilen Fidanyň Ukraina meselesi hakynda pikir alyşjakdygyny aýtdy.
Özara gatnaşyklar
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Hakan Fidanyň rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen özara gatnaşyklar hakynda hem pikir alyşjakdygyny belledi.
Peskow “Elbetde Ukraina meselesi hem gün tertbinde esasy orun eýeleýär” diýdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýa guraýan iki günlük resmi saparynyň çäginde, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda üç ýyl soň Stambul şäherinde geçirlen gepleşiklerde rus wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý bilen duşuşdy.
Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde 16-njy maýda Stambul şäherinde geçirlen parahatçylyk gepleşiklerinde iki tarap 1000 ýesiriň çalşylmagy boýunça ylalaşyk gazanypdy we gepleşikleri dowam etdirmek isleýändiklerini mälim edipdi.