SYÝASAT
2 minut okamak
Dünýä ýurtlarynyň liderleri ABŞ-nyň Eýrana guralýan hüjümlerine goşulmagyna reaksiýa bildirdiler
Trampyn Eýranyn üç sany ýadro desgasyny bombalandygy baradaky beýanatyna liderleriň bildiren reaksiýasy Ýakyn Gündogarda çaknyşyklaryň has-da giňelme howpuny ýüze çykardy.
Dünýä ýurtlarynyň liderleri ABŞ-nyň  Eýrana guralýan hüjümlerine goşulmagyna reaksiýa bildirdiler
Dünýä ýurtlarynyň liderleri ABŞ-nyň Eýrana guralýan hüjümlerine goşulmagyna reaksiýa bildirdiler / Reuters
5 hours ago

ABŞ-nyň Eýrandaky üç ýadro desgasyny bombalandygyny öňe sürmeginden son dünýä liderleriniň bildiren reaksiýalary Ysraýylyň Prezident Donald Trampyn kararyna kanagatlanma bildirmeginden BMG-nin dartgynlygy gowşatmak hakyndaky çagyryşyna we käbir ýurtlaryň hüjümleri ýazgarmagy ýaly dürli görnüşli boldy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş

Baş sekretary; “Şu gün ABŞ-nyň Eýrana garşy güýç ulanmagyna çuňňur alada bildirýärin. Ol, onsuz hem eňňidin gyrasynda duran sebitde howply dartgynlyk we halkara parahatçylygyna hem-de howpsuzlygyna gönüden salynýan wehimdir” diýdi.

“Bu çaknyşygyň asuda ilat, sebit we dünýä üçin agyr netijeleri bilen bilelikde gysga möhletde gözegçilikden çykma howpy artýar. Agza döwletlere dartgynlygy gowşatmak we BMG-niň Konwensiýasy bilen halkara hukukdan gelip çykýan beýleki düzgünlere laýyk hereket etmäge çagyrýaryn. Şeýle howply günlerde haos çykgynsyzlygyndan çetde durmak iňňän möhüm. harby çözgüt ýok. Gelejege barýan ýeke-täk ýol diplomatiýa, ýeke-täk umyt bolsa parahatçylykdyr” diýdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu

Netanýahu bolsa; “Gutlaýaryn Prezident Tramp! ABŞ-nyň ägirt we hakly güýji bilen Eýranyň ýadro desgalaryny nyşana almak hakyndaky batyrgaý kararynyz taryhy özgerder… Taryh Prezident Trampyň dünýäniň in howply dolanşyk ulgamyny, dünýäniň iň howply ýaraglaryndan mahrum etmek üçin herekete geçmegini ýazar” diýdi.

Wenesuelanyň Daşary işler ministri Ýwan Gil

Ýwan Gil: “Wenesual ABŞ-nyň Eýrana garşy harby hüjümini ýazgarýar we duşmançylyklaryň dessine bes edilmegini talap edýär” diýdi.

“Boliwarçy Wenesueal Respublikasy ABŞ-nyň goşuny tarapyndan Ysraýyl döwletiniň talabyna laýyklykda Eýran Yslam Respublikasyndaky Fordo, Natanz we Yspyhan desgalary bilen bilelikde ýadro desgarlaryna guralan bombaly hüjümi çürt kesik we kategoriki ýagdaýda ýazgarýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Meksikanyň Daşary işler ministrligi

Meksikanyn Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda; “Ministrlik Ýakyn Gündogardaky çaknyşyga tarap bolanlaryň arasynda parahatçylygy ýola goýmak üçin diplomatik dialogyň dessine başladylmagy üçin çagyryş edýäris.

Konstitutsiýamyzyň daşary syýasat ýörelgelerine we ýurdumyzyň parahatçylykly pozisiýasyna laýyklykda sebitde dartgynlygyň azaldylmagy hakyndaky çagyryşymyzy ýene-de bir gezek gaýtalaýarys. Sebit ýurtlarynyň arasynda parahatçylygyň gaýtadan dikeldilmegi biziň ileri tutýan esasy ugrumyzdyr” diýilýär.

Kubanyň Döwlet ýolbaşçysy Miguel Diaz-Janel

Kubanyn Prezidenti beýanatynda; “ABŞ-nyn Eýranyň ýadro desgalaryny bombalamagyny berk ýazgarýarys. Ol Ýakyn Gündogardaky çaknyşygyň howply görnüşde güýjemegini aňladýar. Bu hüjüm BMG-niň konwensiýasynyň we halkara hukugyň kadalaryny düýpli bozýar we adamzat öwezi dolunmasyz  agyr şertlere sezewar edýär” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us