Eýranyň ýokary howpsuzlyk geňeşi, Ysraýyl tarapyndan Eýrana hüjüm guralan halatynda aňtaw maglumatlaryna esaslanyp hüjüme degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini aýan etdi.
Ysraýyl birnäçe gezek Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm guramak bilen hemle atypdy we esasy duşmanynyň atom bombasyny öndürmegine rugsat bermejekdigini mälim etdi.
Emma Eýran yzygiderli ýagdaýda atom bombasyny öndürmek ýaly niýetiniň bolmandygyny beýan edýär.
Ysraýyl, Tähran bilen Waşingtonyň arasynda aprel aýynda ýadro gepleşikleriniň başlamagyndan soň berýän duýduryşlaryny has-da artdyrdy.
Eýranyň ýokary howpsuzlyk geňeşinden berlen beýannamada, “Eýran sionist ulgam tarapyndan Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm guralan halatynda degişli gaýtawul görkeziler we Ysraýylyň gizlin ýadro desgalaryna uly zarba urlar” diýildi.
Eýranyň şeýle hem harby ýada ykdysady desgalaryna Ysraýyl tarapyndan hüjüm guralan halatynda deňagramly gaýtawul görkezjekdigi bellenildi.
Eýranyň Merkezi razwetka gullugynyň başlygy İsmail Hatib, Günbatarly ýurtlar we esasan ABŞ bilen arabaglanşykly birnäçe gizlin maglumatyň ele geçirlendigini habar berdi.
Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami hem duşenbe güni beren beýannamasynda aňtaw maglumatlarynyň Eýranyň raketalarynyň täsirini takyklaşdyrjakdygyny aýtdy.
Geçen ýyl Gaza söweşi bilen baglylykda iki tarap hem ilkinji gezek seýrek hüjüm gurapdy.