Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Gara deňiz galla başlangyjy, 2022-nji ýyldaky Stambul gepleşikleri we köp sanda ýesir çalşygyny öz içine alýan Türkiyäniň Russiýa-Ukraina urşundaky durnukly parahatçylyk tagallalarynyň üstünde durup geçdi.
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryna garaşylýandygyny habar berdi. Hakan Fidan taraplaryň gepleşikleriň gutulgysyzdygyny barha köp beýan etmäge başlandyklaryny habar berdi.
Sişenbe güni TRT Habar kanalyna beýanat beren Hakan Fidan, urşuň indi diňe iki ýurduň arasynda däl, eýsem halkara aktýorlaryň goşulmagy bilen global bir çaknyşyga öwrülendigine ünsleri çekdi.
Urşa garşy çemeleşmesini ýatladyp geçen Hakan Fidan bu konfliktiň adam we ykdysady taýdan ýok edilmegine ünsleri çekdi we bir milliondan gowrak adamyň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny, esasy şäherleriň weýran bolandygyny ýatlatdy.
Ankaranyň parahatçylyk tagallalaryny ýatladyp geçen Hakan Fidan Gara deňiz Galla başlangyjy, 2022-nji ýylda Stambul gepleşikleri we köp sanly tussag alyş-çalşygyny mysal hökmünde getirdi.
Ýaraşyk üçin tagallalaryň Tramp döwründe has hem artandygyny aýdan Hakan Fidan, şeýle hem Moskwa we Kiýewe guran ýokary derejeli saparlaryny ýatlatdy.
Hakan Fidan mundan başgada 2-nji iýunda geçirlen gepleşikleriň oňyn gurşawda geçendigini we 1 müňden gowrak adamyň öz içine alýan ýesir alyş-çalşygy babatynda ylalaşyga gelinendigini habar berdi.