Türkiýäniň ilkinji ýüzýän gaz platformasy Osman Gazi Gara deňiziň kenarynda ýerleşýän Zonguldagyň Filýos portuna bardy.
Platforma, Stambulyň zabt edilen gününiň 572-nji ýylynda 29-njy maýda Stambulda Prezident R. T. Erdoganyň we Energetika we tebigy serişdeler ministriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ugradyldy we Bosfor bogazyndan geçdi.
Günde ortaça 10,5 million kub metr gaz öndürmek we 10 million kub metr gaz geçirmek mümkinçiligine eýe bolan platforma, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiligini gündelik 20 million kub metre çykarar.
Platforma Türkiýede 8 milliona golaý hojalygy tebigy gaz bilen üpjün eder we 20 ýylyň dowamynda şol gaz giňişliginde iş alyp barar.
Uzynlygy 298,5, ini 56 metr, çuňlugy 29,5 metr bolan platformada 140 adam işlar. Platformanyň 2026-njy ýylyň ortalarynda işe başlamagyna garaşylýar.