Russiýa duşenbe güni Stambulda gepleşikleriň täze tapgyrynyň geçirilmegi üçin Ukraina tarapyndan resmi jogaba garaşýandygyny mälim etdi.
Kiýew bolsa Moskwanyn ilkinji nobatda parahatçylyk üçin hödürlän şertlerine jogap bermegini talap edýär.
Üç ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin diplomatiýa taýdan edilýän tagallalaryň depgini güýçlendi. Emma Russiýa Ukraina garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär we atyşygyň bes edilmegi çagyryşyny birnäçe gezek ret etdi.
Moskwa Ukraina 2-nji iýunda Stambul şäherinde gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň geçirilmegini teklip etdi we uzak möhletli parahatçylyk şertlerini öz içine alýan memorandum hödürlejekdigini mälim etdi.
Ukraina gepleşikden öň memorandumyň nusgasyny görmek isleýändigini mälim etdi, emma Kreml Kiýewiň bu talabyny kabul etmedi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, “Entek jogap alynmady. Ukrainanyň jogabyna garaşýarys” diýdi.
Ukraina parahatçylyk meýilnamasyny Russiýa hödürländigini we Moskwanyň hem anyk meýilnama hödürlemegini talap edýändigine ünsi çekdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Russiýanyň gepleşikleriň netijesiz geçmegi üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.
Zelenskiý “Bu hem Russiýa basyş edilmegi we berk sanskiýa goýulmagy üçin başga bir sebäbiň bardygyny görkezýär” diýdi.
Ukrainanyň Daşary işler ministrligi “Russiýanyň memorandumyň nusgasyny bermegi üçin tagalla edýäris” diýdi.
Aragatnaşygy dowam etdiriň
Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, Stambulda geçirilmegine garaşylýan ikinji tapgyr gepleşikleriň öňüsyrasynda Russiýa bilen Ukraina aragatnaşygyň dowam etdirilmegi barada çagyryş berdi.
16-nji maýda Stambulda geçirlen we 3 ýyldan bäri dowam edýän çaknyşykalryň bes edilmegi üçin geçirlen gönüden gepleşikler, diňe ýesir çalşygy däl eýsem aragatnaşygyň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylmagy bilen netijelenipdi.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Maria Zaharowa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, Kremliň Stambula ozalky wekiliýeti ugratmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
16-nji maýda Stambulda geçirlen gepleşiklere Russiýanyň adyndan gatnaşan wekiliýete Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý ýolbaşçylyk edýärdi.
Ukraina 16-njy maýda geçirlen gepleşiklerden soň, Russiýa ýerliksiz käbir talaplary öňe sürmekde günäkärledi.
2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan rus hüjümleri onmüňlerçe adamyň ýogalmagyna we Ukrainanyň gündogarynda we günortasynda uly ýykylşyga sebäp boldy.
Rus güýçleri, Ukrainanyň NATO agza bolmakdan ýüz öwürmegini we topraklarynyň bäşden bir böleginden çekilmegini talap edýär.
Rus goşuny, penşenbe güni Donesk we Harkow sebitlerinde üç obanyň gözegçiligini ele geçirdi.
Türkiýänin Daşary işler ministri Hakan Fidanyň duşenbe güni Moskwada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandan soň penşenbe güni Kiýewde Zelenskiý bilen duşuşmagyna garaşylýar.