MEDENIÝET
1 minut okamak
PSŽ UEFA Çempionlar ligasynda Interi 5-0 hasabynda ýeňdi
Pari Sen-Žermeniň taryhy ýeňişi Fransiýada giňden bellenilip geçildi
PSŽ UEFA Çempionlar ligasynda Interi 5-0 hasabynda ýeňdi
June 1, 2025

Çempionlar ligasynda ilkinji gezek ýeňiji bolan Pari Sen-Žermen Inter Milany 5-0 hasabynda ýeňdi.

Ýaş futbolçy Desire Doue şenbe güni Allianz Arena stadionynda PSŽ üçin 2 pökgi geçiren bolsa, ilkinji goluň pasyny Aşraf Hakimi berdi. Ondan soň Hwiça Kwarasheliýa hasaby 4-0 ýetiren bolsa, soňky 5-nji goly 19 ýaşyndaky Senny Maýulu geçirdi.

PSŽ ozal 2 gezek final tapgyrynda oýnan bolsa, Inter Milanyň soňkusyna 2010-njy ýylda eýe bolan 3 sany UEFA kubogy bar.  

2020-nji ýylda Bawariýa Mýunhen toparyna çempionatyň final tapgyrynda ýeňilen PSŽ bu möwsüm toparlaýyn tapgyrdan kynçylyk bilen çykyp, köpden bäri islän kubogyna ahyrsoňy eýe boldy.

Ýeňişden soň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron PSŽ toparyny gutlap Parižiň bu gije Ýewropanyň paýtagty bolandygyny belledi. Emmanuel Makron X sosial media platformasyndan bolsa: “PSŽ üçin ýeňiş güni. Gutlaýaryn, ählimiz buýsanýarys” diýip nygtady.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us